SIZDEN GELENLER

Iň täsin kitap sahaplary

Okumyş adam hemişe täze kitabyň, şeýle hem özüne öň näbelli awtorlaryň eserleriniň, mahlasy paýhas gorundan ýüki ýetik döredijilik dürdäneleriniň gözleginde. Mahal-mahal ozal okan kitaplarymyz barada pikirlenenimizi duýman galýarys. Olaryň käbiri durmuşyň dartgynly pursatlarynda özüňi ýitirmän, parasatly ömür sürmegi salgy berýän bolsa, beýlekileri umman deýin giň gözýetimleriň çuňlugyna sary alyp barýan ýoly salgy berýär. Köplenç,okalan haýsydyr bir kitaby ýatlanymyzda welin,onuň sahaby göz öňümizde janlanýar,ony elimizde saklap durşumyzy biygtyýar ýada salýarys. Kitabyň sahaby — onuň ýüzi.Kitap aýratyn dünýä bolsa, onuň sahaby — şol dünýä açylýan penjire…Şuňa meňzeş leji çykan deňeşdirmeleri näçe getirseň getirip oturmaly, ýöne häzirkizaman okyjysynyň islendik kitap bilen tanyşlygy onuň sahabyndan başlaýanlygy täzelik däl. Köp milletlerde aýdylyşy ýaly: «Daşky görnüşiňe görä garşy alarlar, pähimiňe görä-de ugradarlar». Ýene bir aýtga ýüzlensek, käbir kitaplaryň daşy jäjek, içi möjek bolýar, kä kitaplaryňam kagyzy saralyp, jildiniň sary gaçsa-da, içinde aýdylýan pikirler hiç haçan terligini, döwrebaplygyny ýitirmeýär. Sowatly jemgyýetlerde gowy kitap — iň ýakymly sowgatlaryň biri hasaplanylýar. Sowgat diýlen zadam göze gelüwli bolsa ýagşy. Häzirkisine golaý ýagdaýda kitaplar biziň eýýamymyzyň I asyrynda jiltlenip başlady. Ilkibada ol kanunlaryň pergamentdäki elýazmasyny aýawly saklamak üçin iýetlenipdir. Neşirýatçylar kitabyň bezelişine hem jiltlenişine aýratyn üns berdiler, hut şonuň üçinem soňky bir ýarym asyryň dowamynda metbugat tehnikasynyň kämilleşmegi bilen birlikde, kitap bezegi edebiýat bilen şekillendirişiň sepgidindäki özbaşdak sungata öwrüldi. Onuň wezipesi diňe okyjynyň ünsüni çekmek, oňa neşiri satyn aldyrmak bilen çäklenmeýär. Bu ugurda işleýän ýörite dizaýnerler hem suratkeşler kitaba täze öwüşgin çaýmaga, oňa goşmaça röwüş bermäge, eseriň düýbünde ýatan manyny ýekeje wizual keşbiň üsti bilen okyja ýetirmäge synanyşýarlar. Bu gün jilt taýýarlanylanda illýustrasiýa, fotografiýa, kollaž, tipografika, kompýuter dizaýny, 3D effekti…we başga-da birnäçe usullardan peýdalanylýar. Geliň dürli döwürlerde çap edilen üýtgeşik kitap sahaplary bilen tanyş bolalyň!

1. Gilýelmus Karteziensis — “Wagyzlar” 1494-nji ýylyň golýazmasy.

  1. Nusgawy nagyş usulyndaky bezegiň mysaly: Teodor Fontaneniň “Şygyrlar” ýygyndysy.

  1. Rus ýazyjysy Daniil Harmsyň “Köçedäki gaplaň” atly goşgular hem hekaýalar ýygyndys O. Gorsunow tarapyndan kollaž usulynda bezelen. 1992-nji ýyl.

  1. Frensis Skot Fisjeraldyň “Beýik Getsbi” romanynyň ilkinji neşiri, 1925-nji ýyl. Amerikan kitap dizaýnynyň taryhynda bu neşir uly hadysa hasaplanylýar. Ol wagt o diýen tanalmaýan suratkeş Frensis Kugatu ar-deko stilindäki bu suraty roman heniz ýazylyp gutarylmanka çekipdir. Fisjeraldyň surata şeýlebir göwni ýetipdir welin, hatda romanyny hem şoňa “laýyklanyny” aýdypdyr.

  1. Iňlis ýazyjysy Jorj Orweliň “1984” romany. Bu eseriň ünsüňi çekýän başga-da ençeme täsin neşirleri bar. Gyzykly ýeri, olaryňam aglabasynda, eseriň manysyna görä, suratkeşleriň gözi bilen bagly gözlegi görünýär.

  1. Platon — “Simpozium” (“Pelsepewi söhbet”), Mark Awrelius — “Oýlanmalar”. Abraýly “Penguin Books” neşirýatynyň “Great Ideas” atly tapgyry üçin jiltçi dizaýner Dewid Pirsonyň tipografika usulynda taýýarlan kitaplary. Eýýäm kitabyň sahaby — oňa okap düşünmek üçin ähli ünsüňi jemlemeli boljagyňy duýdurýar.

  1. Amerikan ýazyjy Jerom Dewid Selinjeriň dört jiltlik ýygyndysy. Ýazyjynyň ähli eserleri — bir daragtyň miwesi.

  1. Saýmon Kriçli — “Merhum filosoflaryň kitaby”. Sahaby taýýarlan suratkeş — Jon Gol. Kitabyň ýüzünde — ýatan kitabyň suraty bar. Merhumlar kitabydygyny okanyňda, onuň name üçin ýazgyly daşa çalym edip ýatandygyna düşünýärsiň.

  1. Niderlandly ýazyjy Harri Mulişiň “Hyýanat” romany. Welosiped tigirleriniň äýnege öwrülişi — romanda beýan edilýän syrly wakalaryň üsti açyldygyça, ilki göwne gelendäkisinden düýbünden başga hörpden gopýanlygyna, şol bir ýagdaýa bolan garaýyşlardaky gapma-garşylyga ünsi çekýär.

Hudaýbergenowa Gurbangül

 TOHU-nyñ mugallymy

 

“Buker” baýragynyň ýeňijisi belli boldy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy