JEMGYÝET

Iň gymmat 10 brend

Brend ― önüm öndüriji kompaniýanyň özüne mahsus belgisi we müşderileriň arasynda giňden tanalýan söwda markasy. Şonuň üçin hem käbir brendler kompaniýanyň özünden-de meşhur ýa-da köp bolup bilýär. Hatda käbir kompaniýalarda birnäçe brend bar.

Ýakynda dünýä metbugatynda 2019-njy ýylyň iň meşhur we gymmatbaha brendleriniň sanawy ýerleşdirildi. Şol sanawa görä:

1. Apple

Brendiň bahasy 182,8 milliard dollara barabar.

2. Google

Hasapçylar bu brendiň bahasynyň 132,1 milliard dollara ýetýändigini aýdýarlar.

3. Microsoft

Bill Geýts tarapyndan 1975-nji ýylda esaslandyrylan korporasiýanyň brendiniň bahasy 104,9 milliard dollara barabar.

4. Facebook

Mark Sukerburgyň 2004-nji ýylda esaslandyran brendi häzir 94,8 milliard dollar baha eýe.

5. Amazon

Kompaniýa 1994-nji ýylda Jeff Bezos tarapyndan esaslandyryldy. Onuň bahasy 70,9 milliard dollar.

6. Cоcа cоlа

Bu meşhur içginiň taryhy 1882-nji ýyla çenli (137 ýyl!) uzaýar. Eger onuň brendini bahalamaly bolsa 57,3 milliard dollar gerek bolardy.

7. Samsung

Günorta Koreýada 1938-nji ýylda esaslandyrylan komapniýanyň brendi 47,6 milliard dollar.

8. Disney

Brend 1923-nji ýylda Uolt Disneý we onuň agasy Roý Disneý tarapyndan esaslandyryldy. Brendiň bahasy 47,5 milliard dollara barabar.

9. Toyota

1924-nji ýylda Ýaponiýada esaslandyrylan kompaniýa öz adyny Sakiçi Toýodadan alyp gaýdýar. Onuň bahasy 44,7 milliard dollar.

10. MacDonalds

Kompaniýa 1940-njy ýylda doganlar Mak we Dik McDonaldslar tarapyndan esaslandyryldy. Olar ilkinji restoranyny San-Bernardionoda açypdylar. Häzir bu brendiň bahasy 41,6 milliard dollar.

Ýene-de okaň

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy