SIZDEN GELENLER

Iň gadymy uniwersitetleriň onlugy

Ylym-bilim adamzadyň ýaşaýyş durmuşynda taryhda-da häzirki günümizde-de in bir esasy zat hasaplanyp gelýär.

1.Italiýanyň Bologna şäherinde ýerleşýän Bologno uniwersiteti  1088-nji ýylda döredilen bolup häzirki güne çenli öz işini alyp barýar we dünýäde iň ilkinji dörän ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanýar.

2.Bologno uniwersitetinden soňra Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti in bir gadymy uniwersitet hasaplanýar.150-den gowrak döwletden bir ýylyň dowamynda müňlerçe talyp okuwa kabul edilýär.

3.Ispaniýanyň Salamanja uniwersiteti 1134-nji ýylda ol taryhda iň ilkinji gurlan ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda 3-nji ýerde durýar. 30 müňden gowrak talyba bilim bermek bilen ol dünýäde uniwersitetleriň arasynda  650-nji ýerde durýar.

4.Pariž uniwersiteti Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşip 1167-nji ýylda gurulupdyr .Häzirki wagtda 13 sany institutdan ybarat bolup Ýewropanyň iň gadymy ýokary okuw mekdebi hasaplanýar.

5.Kembrij uniwersiteti dünýäde iň gadymy uniwersitetleriň sanawynda 4-nji ýerde bolmak bilen ol 1209-njy ýylda döredilipdir.Ol Beýik Britaniýada ýerleşmek bilen Oksford uniwersitetinden käbir sebäplere görä bölünip aýrylypdyr we häzirki wagtda iň bir abraýly uniwersitetleriň biri hasaplanýar.

6.Italiýanyň Padua uniwersiteti 1222-nji ýylda döredilip ol gadymy ýokary okuw jaýlarynyň sanawynda 5-nji ýerde durýar. Astronomiýa, hukuk we lukmançylyk ugurlarynda alyp barýan işleri bilen dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar. Bir ýylyň dowamynda 60 müňden gowrak talyby kabul edýär.

7.Naples Federika II uniwersiteti 1224-nji ýylda imperator Fredrik tarapyndan gurulan bolup Italýanyň 3-nji iň uly uniwersitetleriniň biridir.100 müňden gowrak talyba bilim bermek bilen dünýädäki uniwersitetleriň arasynda 481-nji ýerde hasaplanýar.

8.1240-njy ýylda Italiýada döredilen Siýena uniwersiteti hem has gadymy uniwersitetleriň biri hasaplanýar. Ol ýerde 20 müňe golaý talyp bilim alyp ÝUNESKO-nyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň sanawyna girizilendir. Her ýylda 150-200 müň syýahatçynyň baryp görmekligi bu uniwersitetiň halkara abraýyny  has-da ýokarlandyrýar.

9.Koimbra uniwersiteti 1290-njy ýylda Portugaliýanyň paýtagtynda 1290-njy ýylda döredilipdir. 25 müňden gowrak talyba bilim berýän bu uniwersitet ÝUNESKO-nyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň sanawyna goşulandyr.

10.Al -Azhar uniwersiteti Müsürde 970-nji ýylda döredilip oňa 1291-nji ýylda uniwersitet ady berilýär. Ilki ilkiler medrese hökmünde dini ugurlardan sapak berýän bu uniwersitet soňra ähli hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlap başlapdyr.

Adalat Çaryýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby. 

 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri