JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew Hankendi şäherinde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Raşid Meredow, Ilham Alıvewe türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mährili salamyny ýetirdi.

Prezident Ilham Alyýew hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi we türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmeklerini haýyş etdi.

Garabagda geçirilen abatlaýyş we gurluşyk işleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny belläp, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bu sebitiň tebigy gözelligine haýran galýandygyny aýtdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky nergetika, ulag, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada giňişleýin pikir alşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Azerbaýjanda Medeniýet günleriniň, Azerbaýjanyň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň geçiriljekdigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri