SIZDEN GELENLER

Ilat ýazuwy – ösüşleriň binýady

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy dowam edýär. 17-nji dekabrda başlanan, «Ilat ýazuwy—2022: Jebislik. Bagtyýarlyk, Röwşen geljek!» şygar astynda geçirilýän bu çärä öňünden ählitaraplaýyn taýýarlykly gelindi. Uçdantutma ýazuwyny geçirmäge gatnaşjak sanaýjylaryň düzümi tassyklandy we olar bilen ýörite okuwlar guraldy. Bu bolsa, häzirki möhüm çäräniň ýokary derejede geçmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Sanaýjylar öýme-öý aýlanyp, elektron ýazuw kagyzlarynyň esasynda adamlardan soraşma arkaly maglumatlary ýygnaýarlar, sowalnamalaryň jogaplaryny degişli tertipde doldurýarlar.

Ilatyň demografik düzümi hem-de raýatlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almak maksady bilen geçirilýän Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy 27-nji dekabra çenli dowam eder.

Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň baş maksady ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary ýygnamakdan ybarat bolup durýar. Munuň özi döwletimiziň geljekki ösüşleri üçin ygtybarly binýady döretmäge, şeýle-de adam ösüşine gönükdirilen maýa goýumlaryň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şunda saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň ähli amatlygy özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň ýol infrastrukturasynyň gurluşygy, täze iş orunlarynyň döredilmegi esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Ilat ýazuwy, ilkinji nobatda, statistik ýazgylary ýöretmek, gözleg arkaly maglumat çeşmelerini emele getirmek üçin zerur maglumatlary almak bilen baglanyşykly döwlet wezipesi üçin möhüm bolup durýar. Munuň şeýledigini onuň «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» şygary astynda geçirilýändigi hem subut edýän bolsa gerek.

Maglumat tehnologiýalarynyň ýokary derejesine garamazdan, halkyň gönüden-göni gatnaşýandygy üçin ilat ýazuwy jemgyýetiň möhüm aýratynlyklary, hususan-da, iş üpjünçiligi we zähmet bazary baradaky resmi statistikanyň esasy hem-de aýrylmaz çeşmesi bolmagynda galýar. Ilat ýazuwynyň döwlet üçin ähmiýeti onuň durmuş şertlerini netijeli dolandyrmak we gözegçilik etmek babatda möhüm maglumatlary ýygnamagy bilen çäklenmeýär. Ilat ýazuwy durmuş-ykdysady gözlegleri, iş sanawlaryny we Hökümetiň ulanýan beýleki maglumatlaryny ýygnamak mehanizmini sazlamak hem-de baha bermek üçin-de esasy guraldyr.

1947-nji ýyldan bäri BMG her on ýyldan bir gezek ilat ýazuwyny geçirmegi ündeýär. On ýylyň dowamynda adamyň durmuşynda maşgala ýagdaýy we ýaşaýan ýeri bilen bagly düýpli özgermeler bolup geçýär. Şonuň üçin-de, ilat ýazuwynyň geçirilmeginiň ýurduň ösüşine we halkyň hal-ýagdaýyna täsir edýändigi maslahatyň dowamynda aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, statistiki hasabat ýöredilmezden, ýurduň geljekki ösüşini göwnejaý meýilleşdirmek mümkin däldir.

Ýurdumyzda ilkinji gezek ilat ýazuwy sanly görnüşde amala aşyrylýar, şeýle hem sowalnamalar ýurdumyzda öndürilen planşetler arkaly doldurylýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän ilat ýazuwy Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda hem geçiriler. Daşary ýurtlarda işleýän raýatlarymyzyň we olaryň maşgala agzalarynyň, ilat ýazuwynyň geçirilýän wagtynda iş sapary ýa-da gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda bir ýyldan we ondan köp wagtlyk ýurduň çäklerinden daşarda bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň, ýurdumyzyň çäginde bar bolan bosgunlaryň, ýöriteleşdirilen edaralarda ýaşaýan raýatlaryň, ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmek arkaly döwletimiziň çägindäki ýaşaýan ilatyň we döwletimiziň raýatlarynyň ähli toparlary barada doly statistiki maglumatlar almak amala aşyrylar.

Gülşirin Agaýewa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

“Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün