BIZNES

Ikinji Hazar ykdysady forumy Russiýada geçiriler

Ikinji Hazar ykdysady forumy 2021-nji ýylda Moskwada geçiriler. Rus metbugatynyň habaryna görä, bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen geçirilen gepleşiklerden soň mälim edildi.

“Hazardaky hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Ikinji Hazar ykdysady forumy geljek ýyl Moskwada geçiriler. Şol bir wagtyň özünde, altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görýäris. Bu sammit üçin gaty möhüm resminamalar bukjasy taýýarlanýar”-diýip, bellenilip geçildi.

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde V Hazar sammiti geçirilipdi. Şol sammitde Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çek­ilipdi. Mu­nuň özi Ha­zar deň­zin­de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk ka­da­la­ry­ny ber­ki­den ta­ry­hy äh­mi­ýet­li bin­ýat­lyk res­mi­na­ma bo­lup dur­ýar.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder