TEHNOLOGIÝA

Ikinji çärýekde 11 milliard ýewro ýitgi

Dünýä awtoulag önümçiliginde şu ýylyň ikinji çärýeginiň netijelerine görä, 41 göterim pese gaçandygy, şeýlelikde awtoulag markalarynyň ýitgisi 11 milliard ýewro ýetendigi mälim edildi. Bütindünýä täsir eden koronawirus epidemiýasy sebäpli awtoulag öndürijileri hem uly zyýan çekýärler. Häzirki wagtda bu ýitgi gün-günden artmagyny dowam etdirýär.

“German Ernst & Young Consulting” kompaniýasy gözleglerini dünýäniň 17 awtoulag öndürijisi bilen neşir etdi.

Awtoulag pudagynyň 11 milliard ýewrodan gowrak ýitgini mälim eden gözlegde, epidemiýanyň diňe “Tesla” kompaniýasyna täsir etmeýändigi mälim edildi.

Awtoulag öndürijileriniň 2019-njy ýylyň ikinji çärýeginde 22 milliard ýewro girdeji gazanandygy, ýöne şu ýylyň ikinji çärýeginde 17 awtoulag öndürijisiniň girdeji derejesiniň ýarym esse peselendigi mälim edildi. Munuň 11 milliard ýewrodan gowrak ýitgi çekendigi aýdylýar.

Gözlegleriň netijelerine görä, “Tesla” kompaniýasy ýylyň ikinji çärýeginde öňki ýyl bilen deňeşdirilende has gowy çykyş edip, girdejili awtoulag kompaniýalarynyň arasynda birinji orunda durýar.

Epidemiýa sebäpli 57 göterim bilen “Mitsubishi” kompanýasy iň uly pese gaçandygyny görkezdi, nemes awtoulag öndürijileri “Volkswagen” 37 göterim, “Daimler” 29 göterim, “BMW” şu ýylyň ikinji çärýeginde 22 göterim ýitgi çekendigi görkezilýär.

Gözlegde, dünýä awtoulag öndürijileriniň epidemiýa sebäpli 41 göterim pese gaçandygy mälim edildi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy

“Yolugry” programmasy bilen yollar has amatly we gyzykly bolar!

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi

Emeli intellekt sebäpli energiýa islegi ýokarlanýar, ägirtler maýa goýumlaryny artdyrýar

Pariž awtoulag sergisi 90-njy gezek gapylaryny açdy