DÜNÝÄ

III Merkezi Aziýa parlament forumy: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşi tarapyndan Bişkek şäherinde guralan «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleri: sebitiň ähli taraplaýyn ösüşi üçin täsirli çözgütler» mowzugyndaky III Merkezi Aziýa parlament forumy geçirildi.

Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň parlamentleriniň ýolbaşçylary we wekiliýetleri gatnaşdylar.

Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň başlygy Nurlanbek Turgunbek uulu, Özbegistanyň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa, Täjigistanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Rustami Emomali, Gazagystanyň Senatynyň başlygy Maulen Aşimbaýewiň gatnaşan forumynda  sebitiň parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri boýunça möhüm teklipler öňe sürüldi.

Şeýle hem aýratyn bellenilip geçilişi ýaly, ýurtlaryň arasynda kemala gelýän özara ynam we goňşuçylyk gatnaşyklary diňe bir ykdysady hyzmatdaşlyga däl, eýsem medeni-ynsanperwer aragatnaşyklara hem güýçli itergi berýär.

Gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi we migrasiýa meseleleri, şeýle hem sanly howpsuzlyk we sebit standartlaryny işläp düzmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar