JEMGYÝET

“Hyundai” kysymly täze awtobuslar gelip başlady

Türkmenistanyň “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, täze awtobuslar gelip başlady. Olaryň ilkinji tapgyry Türkmenbaşy halkara deňiz portuna getirildi. 38 sany “New Super Aero City” awtobuslary ýakyn wagtda Aşgabada getiriler.

Bu awtobuslar şu ýylyň mart aýynda “Hyundai” korporasiýasy bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň arasynda  400 sany «Hyundai AII New Super Aero City» kysymly şäher içi awtobusy hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak baradaky şertnama esasynda getirilen ilkinji tapgyrdyr.

Meşhur awtoulag öndürijisi 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu döwürde awtobus parkyna 1200-den gowrak ulag getirildi. “Hyundai” awtobuslary paýtagtyň ähli şäher ugurlarynda diýen ýaly hereket edýär.

Awtobuslaryň täze görnüşi rahat, oňaly hem-de howpsuzlyk babatda ykjamlygy bilen tapawutlanýar, hereketlendirijiler Awtobuslaryň hereketlendirijileri Ýewro 4 ekologiýa standartyna doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly serişdeleriň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri