BIZNES

Hytaýyň Merkezi Aziýa gönükdiren maýa goýumy 15 mlrd $

8-nji Hytaý-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. 2021-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda özara peýdaly söwda gatnaşyklarynyň täsiri bilen birlikde ykdysady gatnaşyklary we has ýaşyl ösüş strategiýalaryny diwersifikasiýa etmek üçin özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy.

Hytaý metbugatynda bellenilip geçilişi ýaly, Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklary soňky 20 ýylda yzygiderli ösýär. Diňe 2020-nji ýylda Hytaýdan Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna maýa goýumlarynyň mukdary 15 milliard dollar boldy.

Bu gezekki forumda ýaşyl ösüş, saglyk we ulag-aragatnaşyk pudagyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistan COP26 halkara forumyna gatnaşar

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler