MEDENIÝET

Hytaýyň Long Yun söweş sungaty toparynyň Aşgabatdaky görkezme çykyşy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde Hytaýyň Long Yun söweş sungaty boýunça toparyň görkezme çykyşy geçirildi. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahat ministrliginiň, şeýle-de HHR-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow, şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýar ilçisi Sýan Naýçeni çykyş etdiler.

Long Yun söweş sungaty boýunça toparyň görkezme çykyşlary Mukamlar köşgünde geçirilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Çykyş edýän toparyň iň kiçisi 9, iň ulusy bolsa 34 ýaşyndaky türgen bolup durýar. Bu bolsa Hytaýda Long Yun söweş sungatyna aýratyn üns berilýändigini alamatlandyrýar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri