BIZNES

Hytaýyň eksporty 300 milliard dollardan geçdi

Soňky ýyllaryň içinde Hytaýyň eksportunyň beýleki döwletlere garanyňda has okgunly ösýändigi baradaky maglumatlardan siz hem habarlysyňyz. Bu ösüş oktýabr aýynda hem özüniň netijesini görkezdi.  Munuň esasy sebäbi bolsa, soňky aýlarda Hytaý bazarynyň has uly meşhurlyga eýe bolmagydyr. Amerikanyň ykdysadyýetindäki çökgünlik, koronowirus pandemiýasy sebäpli käbir iri kompaniýalaryň işiniň wagtlaýyn togtadylmagy munuň esasy sebäbi hökmünde görkezilýär. Hytaý Halk Respublikasy oktýabr aýynda 300 milliard dollardan gowrak eksport etdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Pekiniň iň uly söwda hyzmatdaşydyr.

Oktýabr aýynda Gümrük Baş müdirligi eksportuň 27,1 göterim, importuň bolsa 20,6 göterim ýokarlandygyny habar berdi. Eksportdan gelýän girdejiler aýda 300,2 milliard dollara, import bolsa 215,7 milliard dollara ýetdi.

Döwletiň sentýabr aýynda 66,8 milliard dollar hökmünde hasaba alnan daşary söwda balansy oktýabr aýynda 84,5 milliard dollara çenli ýokarlandy.

Hytaý döwletiniň iň uly söwda hyzmatdaşy bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen daşary söwda balansy geçen aý bilen deňeşdirilende azaldy. Sentýabr aýynda 42 milliard dollara ýeten daşary söwda balansy oktýabr aýynda 40,7 milliard dollar boldy.

Hytaý oktýabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýurtlaryna 29,5 milliard dollarlyk daşary söwda profisitini berdi.
Hytaý döwletiniň ykdysadyýeti ýanwar-mart aýlarynda 18,3 göterim, ikinji çärýekde 7,9 göterim we üçünji çärýekde 4,9 göterim ösüş gazandy.

Ykdysady hünärmenler Hytaýyň koronawirus pandemiýasy sebäpli önümçilikde başdan geçiren kynçylyklaryny çalt ýok edendigini, ýöne çig mal zerurlygy we üpjünçilik ýetmezçiligi sebäpli bu dikeldiş tizliginiň peseljekdigini aýdýarlar.

Gozgalmaýan emläk pudagyndaky başagaýlyk, infrastruktura maýa goýumlarynyň azalmagy we sarp edijileriň çykdajylarynyň peselmegi sebäpli içerki islegiň gowşakdygyna garamazdan, dünýäde ikinji uly ykdysadyýetdäki eksport şu ýyl pandemiýadan öňki derejeden ýokary boldy. Bu ýylky umumy eksport 2020-nji ýyldan ep-esli geçdi.

 

Türkmenistanda nobatdaky hususylaşdyrma ädimi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bitaraplygyň 30 ýyllygyna täze «Yutong» awtobuslaryny satyn alar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar