BIZNES

Hytaýyň baýlarynyň sany azaldy

Şu ýylyň dowamynda umumy baýlygy 5 milliard ýuan (690 mln $) bolan Hytaýyň baýlarynyň sany azaldy. Bu görkeziji soňky 24 ýylyň iň pes görkezijisi boldy. Bu barada “Hurun China Rich List” sanawynda bellenilip geçilýär.

Üstümizdäki ýylda bu sanawa 1305 adam goşulyp, olaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilen 11 göterim azdyr. Baýlaryň umumy baýlygy 3,5 trillion dollara deňdir. Bu görkeziji hem 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilen 18 göterim azdyr.

Baýlaryň sanawynda birinji orny çüýşeli suw öndürýän kompaniýanyň eýesi bolan Üžun Şanşan eýeledi. Onuň baýlygy 17 göterim artyp, 65 milliard dollara deň boldy.

Ikinji orundaky “ByteDance” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Iminiň baýlygy 35 milliard dollara deňdir. Ilkinji üçlüge giren ýyladyjy enjamlar we litiý-ion akkumulýatorlary öndürýän CATL kompaniýasynyň esaslandyryjy Szen Ýuýkunyň emlägi 32,9 milliard dollara deňdir.

“Alibaba” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jek Ma bu sanawda 9-njy orny eýeläp, onuň emlägi 30 göterim azalyp, 25,7 milliard dollara deň boldy.

Ýurduň baýlarynyň sanawyndaky kompaniýalarynyň eýeleriniň aglabasy Pekin, Şençžen we Şanhaý şäherlerinde ýaşaýar. Hytaýly milliarderleriň ortaça ýaşy 58 ýyla deňdir.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy