DÜNÝÄ

Hytaýda «uçýan» otly synag edilýär

Hytaýda ýer bilen galtaşmazdan, magnit ýassygy arkaly hereket edýän otlularyň synagyna başlandy. Bu taslama Şanhaýdaky «CRRC Qingdao Sifang Co” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.

“Sinhua” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Hytaýda magnit ýassykly prototip otlynyň synagy başlandy. Otly sagatda 600 kilometr tizlikde hereket eder. Otly ýere degmän howada hereket edýär. Bilermenler bu synagy dürli derejede amala aşyrýarlar. Kompaniýanyň bilermenleri bu synagyň ýokary tizlikli otly ulgamynda täze öňegidişlikleriň boljakdygyny alamatlandyrýandygy mälim edildi.

Käbir konstruksiýa aýratynlyklaryna laýyklykda, bu görnüşli otlular hereket eden gaty az ses çykarýar.

 

2016-njy ýylyň iýulynda işlenip başlanan taslama ýurduň dürli sebitlerinden ýokary okuw mekdepleriniň alymlary we 30-dan gowrak kärhanalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Bu otlunyň prototipi “CRRC Qingdao Sifang Co” kompaniýasy tarapyndna şu ýylyň maýynda taýýar edildi.

Ýene-de okaň

Ilçi Gismat Gozalow Türkmenistanda “WUF13” çäresiniň ähmiýeti barada çykyş etdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi