JEMGYÝET

Hytaý Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi – kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi hem-de sabyr-takatlylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, berýän goldawyna ýokary baha berýändigini hem-de şu kyn günlerde Hytaýyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr ýitgi zerarly gynanjyny paýlaşýandygyna sarpa goýýandygyny nygtady.

Soňra geçirilen söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

HYTAÝ TÜRKMENISTANYŇ IRI YKDYSADY HYZMATDAŞY

Milli Liderimiz Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berip, döwletimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Däp bolşy ýaly, şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýar.

Söwda-ykdysady, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlary, dokma we himiýa senagaty hem-de beýleki köpsanly ulgamlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda tagallalary birleşdirmegiň uly mümkinçilikleri bardyr.

Nebitgaz toplumy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesi, ilkinji nobatda bolsa, üstünlikli ulanylýan Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi bilen baglanyşykly taslama amala aşyryldy. Bu gün şol gaz geçirijisi boýunça türkmen tebigy gazy HHR-e iberilýär.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi iki döwletiň Liderleriniň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

PANDEMIÝA GARŞY HYZMATDAŞLYK

Dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy. Taraplar bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi hem-de bu pandemiýa garşy durmakda toplanan tejribäni alyşmagy göz öňünde tutýandyklaryny tassykladylar. Umumy pikire görä, diňe bilelikdäki tagallalar hem-de utgaşykly hereketler netijesinde, bu ählumumy howpa garşy oňyn netijeleri gazanmak mümkindir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyna saglygy goraýyş ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Sowgatly online Krossword bäsleşigi yglan ediler

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy