BIZNES

Hytaý Türkmenistana buraw turbalaryny iberer

Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragataşyk arkaly mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hususan-da bu resminamada şeýle diýilýär.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasyna laýyklykda, netitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli möçberde, dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Honghua International Co.Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder