DÜNÝÄ

Hytaý toplumlaýyn 5G Internete geçýär

Hytaý Halk Respublikasy 5G tizlikli Internete geçmekde beýleki döwletlere görelde görkezýänleriň biri. «Sinhua» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, ýurtda diňe 2020-nji ýylda 5G tizlikli Interneti ýaýradýan stansiýalaryň 580 müňüsi guruldy.

Başgaça aýtsak, häzirki wagtda Hytaýyň etrap derejesindäki ähli şäherleriniň bäşinji nesil ykjam ulgamy bilen gurşalandygy bellemek gerek.

Deslapky maglumatlara görä, şu ýylyň ýanwar ― noýabr aýlarynda ýurduň kompaniýalary 5G tizlikli Interneti goldaýan mobil telefonlarynyň 144 million sanysyny öndürdi. Şol döwürde hytaý bazarynda smartfonlaryň täze görnüşleriniň 199-sy peýda boldy.

Ýurduň Senagat we aragatnaşyk ministrligi energiýa, ulag ýaly ugurlarda hem 5G tehnologiýalarynyň parlak geljeginiň bardygyna ynanýar. Şonuň üçin hem ministrlik 5G tizlikli maglumat merkezlerini gurmagy dowam etdirmekçi. 2021-nji ýylda ýurtda şeýle stansiýalaryň ýene-de 600 müňüsini gurmak meýilleşdirilýär.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy