JEMGYÝET

Hytaý Täze ýylyny garşylady

12-nji fewralda gündogarda Täze ýyly, ýagny sygyr ýylyny (olarda öküz ýylyň diýlip atlandyrylýar) garşylandy. Aý senenamasyndaky iň möhüm baýramçylyklaryň biri hasaplanýar. Adatça, Hytaýyň Täze ýyl baýramçylygy diňe bir festiwal hem-de köpçülikleýin gezelençler bilen däl, eýsem ýurduň ýaşaýjylarynyň öz maşgalalarynyň arasynda bu baýramçylygy bellemek üçin syýahata çykýandygy bilen hem meşhurdyr. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyk 2 hepde golaý bellenýär.

Şol döwürde dünýäniň iň uly göçe-göçüşligi amala aşyrylýar. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýda 292 milliondan gowrak adam iri şäherlerde işleýär. Olar bu baýramçylygy öýlerinde geçirmek üçin ýaşaýan ýerlerine gidýärler. Şu döwürde dünýäniň iň uly göçe-göçüşligi başlaýar. Oňa “Çunýün” diýip atlandyrýarlar. Adamlar öýlerine otly, ulag ýa-da beýleki ulag görnüşlerinden peýdalanýarlar.

Otly biletleriniň internet arkaly giňden satylmagy bilen Pekinde demir ýol gatnawy üçin petekleriň 70 göterimi onlaýn, 30 göterimi bolsa şu ýyl stansiýalardaky kassadan satyn alyndy.

Gyzykly ýeri, Hytaýda Täze ýyl asla gyş baýramçylygy däl, 4000 ýyldan gowrak taryhy bolan Bahar baýramy diýilýär.

Hytaýyň täze ýyly dünýäniň ençeme ýurdunda giňden bellenildi.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

 

 

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy