Gazagystanyň Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaýyň raýat awiasiýasy boýunça hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň ikinji maslahaty geçirildi. Hytaý tarapynyň habar bermegine görä, sebitiň howa gatnawyny ösdürmek boýunça teklipler hödürlendi, diýip “Kazinform” habarlar gullugynyň habarçysy belläp geçdi.
Hytaýyň raýat awiasiýasy administrasiýasynyň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş direktorynyň orunbasary Baý Wenli awiasiýa pudagynyň Ýewraziýa ulag merkezini döretmekde möhüm rol oýnaýandygyny belläp geçdi. Soňky ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda göni uçar gatnawlaryň sany 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende iki esse, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bolsa üç esse artdy. Häzirki wagtda Hytaý sebitiň ähli bäş paýtagty bilen göni uçuşlar arkaly birleşýär.
Baý Wenli Hytaýyň mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bäş esasy teklibini aýratyn belledi:
1. Awiakompaniýalaryň hyzmatdaşlygyny goldamak, ýolagçy we ýük gatnawlaryny giňeltmek.
2. Ýolagçylara amatly bolmagy üçin gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek.
3. Howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak we awiabenzeniň bahasyny peseltmek.
4. Uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gözegçiligi güýçlendirmek.
Maslahata Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň awiasiýa edaralarynyň, awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň wekilleri gatnaşdy. Duşuşyk raýat awiasiýasy boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.