BIZNES

Hytaý kompaniýasy Galkynyş käninde täze guýylary gurar

Ýurdumyzyň iri gaz ýataklarynyň biri bolan Galkynyş gaz kanini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam geçirilen mejlisinde bu barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan täze guýylary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmaga halkara bäsleşigi geçirildi. Hytaýyp CNPC kompaniýasynyň täjirçilik teklibi has amatly hasaplanyldy.

Kompaniýanyň teklibine laýyklykda, işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek we amala aşyryljak işler üçin hasaplaşyklary 2017-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, 3 ýylyň dowamynda her ýylda 17 milliard kubmetre tebigy gazy ugratmagyň hasabyna geçirmek meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň iň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy bolan Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda işjeň işläp gelýär. “CNPC”-niň ýurdumyzda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýädäki iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” känini abadanlaşdyrmaga gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Türkmenistanda “Ğ¡ovid-19” ýokanjyna garÅŸy göreÅŸ güýçlendirilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler