BIZNES

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýoly boýunça ylalaşyga gol çekildi

Şu gün Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýoluň gurluşygy taslamasy boýunça şertnama gol çekildi.

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow wideoýüzlenme iberdiler.

Bu demirýol taslamasy Hytaý bilen Merkezi Aziýa sebitini birleşdirmek üçin möhüm infrastruktura öwrüler. Şeýle hem ol geljekde Günorta Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berer.

Taslamany durmuşa geçirmegiň ykdysady täsirleri täze kärhanalary we müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge şert döreder.

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýol taslamasy Kaşgar-Torugart-Makmal-Jalalabad-Andijan ugry boýunça gurlar.

Bu otly ýoly bilen her ýyl 15 million tonna çenli ýük gatnadylar we harytlaryň hyrky nokadyndaky sarp edijilerine ýetirmek üçin 7 gün gerek bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy