BIZNES

Hytaýda uly nebit gory tapyldy

Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň Tarim basseýninde 1,7 milliard tonna barabar gory bolan iri nebit ýatagy tapyldy. Bu barada Hytaýyň metbugaty habar berýär.

Metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, Hytaýyň “Sinopec group” nebithimiýa korporasiýasynyň alyp barýan gözleg işleriniň çäklerinde uly gorly nebit käniniň üstünden baryldy. Bu nebit käni iň çuň nebit ýataklarynyň biri hasaplanýar. Nebit we gaz ýatagynyň ortaça çuňlugy 7 kilometrden gowrakdyr.

Tarim basseýninde 6000-den 10,000 metre çenli çuňlukda ýerleşýän nebit we gaz gorlary, Hytaýyň umumy nebit we tebigy gaz gorlarynyň degişlilikde 80% we 60% -ini tutýar.

Neşiriň beren maglumatlaryna görä, Tarim basseýnindäki nebit we gaz gorlary Hytaýyň ýakyn 10 ýylda zerurlyklaryny kanagatlandyryp biler. Täze nebit ýatagynyň çaklanylýan ätiýaçlyklary, ýyllyk 800 million tonna nebit zerurlygy bolan Hytaýyň nebite bolan içerki islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder