JEMGYÝET

Hyrat şäherinde «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Konsullygynda Hyrat we Badhyz welaýatlarynyň türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň konsuly we Owganystanyň abraýly türkmen wekilleri çykyş edip, kitabyň aýratynlyklary hem-de onuň milli we dünýä gymmatlyklaryny ösdürmekdäki esasy orny barada nygtadylar. Şeyle hem eseriň yaş türkmen neslini ynsanperwerlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işinde ýol görkeziji bolup hyzmat etjekdigi barada aýratyn bellediler.

Hyratly türkmenleriň ýaşlarynyň wekili, bu edebi eseriň neşir edilmegi Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasy tarapyndan uly buýsanç we begenç duýgulary bilen kabul edilendigini aýtdy.

Çykyş edenler pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar we Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 12-nji dekabrynyň “Halkara Bitaraplyk güni” hem-de 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähli dünýä türkmenlerini buýsandyrýandygyny aýtdylar.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabatda saparda boldy

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini Nowruz baýramy bilen gutlady

UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi