BIZNES

Hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwda

Türkmenistanyň Maliýe  we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwdalar 2020-nji ýylyň 26-njy awgustynda sagat 10:00-da  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Gurluşyk we  binagärlik ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň,“Türkmengaz” döwlet konserniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Ahal, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalarynyň sanawy “Türkmenistan” gazetiniň 2020-nji ýylyň 4-nji awgustynda sanynda çap edildi.

Şol sanawda 48 desganyň hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bildirişde desgalaryň ady,ýerleşýän ýeri, desgalaryň görnüşi (işiniň ugry, gurlan ýyly), binalaryň meýdany (inedördül metr), başlangyç

Bahasy (manat) we hususylaşdyrmagyň şertleri görkezilipdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder