BIZNES

Hususylaşdyrmagyň nobatdaky tapgyry: bäsleşikli söwda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki  desgalary hususylaşdyrmak  hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçilgindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam  hem-de ykjam mobil goşundysy arkaly  bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwda 2022-nji ýylyň 17-nji awgustynda sagat 10:00-da  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil  şaýolynyň  156-njy jaýy.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň,  Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenstanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Daşoguz, Lebap  hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykaryldy.

Sanawda desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri, desganyň görnüşi (işiniň ugry, gurlan ýyly), binalaryň meýdany (m²), başlangyç bahasy (manat), hususylaşdyrmagyň şertleri görkezilendir.

Bu gezekki sanada 25 desganyň hususylaşdyrylmagy ghöz öňünde tutulypdyr. Şol desgalaryň arasynda başlangyç bahasy iň arzan desgasy 71 müň 660,40 manatlyk Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniň limon ýyladyşhanasydyr.

Sanawdaky başlangyç bahasy iň hymmat desga 51 million 892 müň 824 manatlyk «Lebapdaşarysöwda» daşary ykdysady birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň Azatlyk köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Döwrebap» dynç alyş we söwda merkezidir.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär