BIZNES

Hususy pudagyň wekilleri Aşgabatda gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşýar

Türkmenistanyň   Prezidenti  Gurbanguly  Berdimuhamedow 10-njy fewralda Aşgabat şäherinde täze desgalaryň taslamalary we gurluşygy bilen tanyşlygynyň barşynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat bilen çykyş edip, birnäçe taslamalary türkmen Lideriniň garamagyna hödürledi.

Hususanda ol Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan Söwda we işewürlik merkeziniň baş meýilnamasy we umumy görnüşi, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan 8 sany edara ediş we söwda maksatly binalaryň umumy görnüşi, A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan Söwda we dynç alyş merkeziniň baş meýilnamasy we umumy görnüşi barada taslamalaryň üsti bilen tanyşdyrdy.

Döwlet Baştutany halk üçin has amatly şertleri döretmegiň şähergurluşyk maksatnamasyny hem-de tutuş döwlet syýasatyny amala aşyrmakda esasy ýörelge bolmalydygyna ünsi çekdi. Milli binagärligiň iň gowy däplerini we dünýäniň şähergurluşyk babatdaky gazananlaryny özünde jemleýän, giň gerimde gurulýan döwrebap desgalaryň ählisi şu ýörelgä laýyk gelmelidir.

“Desgalar gurlanda we olarda timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň ekologiýa we howa şertlerini, halkymyzyň durmuşyndaky milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr” diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Türkmen Lideri paýtagtyň Halkara howa menziliniň töwereginde täze söwda merkeziniň gurluşygy barada aýdyp, bu desganyň Aşgabadyň binagärlik keşbiniň ýene-de bir bezegine öwrülmeginden başga-da, onuň üstaşyr geçip barýan ýolagçylara we beýleki isleg bildirýän adamlara ýurdumyzda öndürilýän köp görnüşli önümler bilen tanyşmaga hem-de dürli sowgatlyk önümleri almaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, olara  birnäçe belliklerini aýtdy we düzedişlerini girizdi hem-de şolary ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/halk-maslahaty-ykdysady-toplum-barada-habarlar/\

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Pakistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistan Bitaraplygyň 30 ýyllygyna täze «Yutong» awtobuslaryny satyn alar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar