TESWIRLER

Hukuk namalary elektron görnüşde

Düýn Size ýetiren seljermämizde “Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň Türkmenistan gazetinde neşir edilendigini we kanunyň degişli kadasyna görä düýn herekete  girendigini belläp,  şol kanuna laýyklykda elektron söwdanyň hukuk esaslary barada gysgaça durup geçipdik. Seljermämizi dowam ederis, emma, bugün hormatly okyjylarymyza hukuk namalarynyň elektron görnüşinde neşir edilmegi bilen baglanşykly gysgaça belläp geçeýliň!

“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda  Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi «Türkmenistan» gazeti, şeýle hem kanunçylykda kesgitlenýän tertipde beýleki döwürleýin metbugat neşirleri tarapyndan amala aşyrylýar.(m.39) Bugün “Türkmenistan” gazetinde “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanununa üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny (mundan beýläk Kanun) neşir edildi we şol Kanuna laýyklykda bu üýtgetmeler çap edilen gününden, ýagny 27 Mart 2020 senesinde güýje girdi.

Kanuna laýyklykda, “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 39-nji maddasynyň ikinji böleginiň birinji tesimine, bir sözlem goşuldy, we Kanunyň degişli bölegi mundan beýläk şeýle boldy, ýagny,

“Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi «Türkmenistan» gazeti, şeýle hem kanunçylykda kesgitlenýän tertipde beýleki döwürleýin metbugat neşirleri tarapyndan amala aşyrylýar. Şeýle hem, bu namalaryň çap edilmegi elektron görnüşde degişli ygtyýarly edaralaryň Internet torundaky resmi saýtynda amala aşyrylyp bilner. “

Şeýle hem, 39-nji maddanyň ikinji böleginiň dördünji tesimi täze görnüşde beýan edildi we şeýle boldy :

“Şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 6-8-nji bentlerinde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny resmi çap etmek olar döwlet belligine alnandan soňra, Türkmenistanyň Adalat Ministrligi tarapyndan  elektron görnüşde Ministrligiň Internet torundaky resmi saýtynda amala aşyrylýar”.

Ýokaryda agzalan 6-8-nji bentlerde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalary ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary we  häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk kararlary bolup durýar.

Bellemeli zat, bugün “Türkmenistan” gazetinde çap edilen we şugün güýje giren “Türkmenistanyň  adalat edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny bilen “Türkmenistanyň  adalat edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň Adalat edaralarynyň borçlaryny düzgünleşdirýän 16-nji maddasynyň 12-nji benti aşakdaky ýaly beýan edildi, ýagny,

“ministrlikleriň, pudaklaryň dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahalatlarynyň we häkimleriň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny elektron görnüşde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirmek arkaly resmi çap etmäge”

Sözümiziň ahyrynda Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň www.minjust.gov.tm saýtynda Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň  neşir edilýändigini we köp sanly raýatlarymyz üçin peýdaly çeşme bolup durýandygyny nygtamak isleýäris.

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri