BILIM

Germaniýa: tomusky okuwa aýlyk 1200 ýewro stipendiýaly gatnaşmak mümkinçiligi

Germaniýanyň DESY tomusky okuw maksatnamasy dalaşgärler üçin resminamalary kabul edip başlady. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenişine görä, okuwlar üçin IELTS/TOEFL testleri talap edilmeýär. DESY maksatnamasy boýunça dünýäniň dürli künjeklerinden jemi 100 talyp okuwa kabul edilýär. Maksatnama ähli çykdajylary öz içine alýar. Bulardan başga-da, maksatnama ýaşaýyş çykdajylaryny, her aýda 1200 ýewro talyp haky we Germaniýa we yzyna uçar peteklerini öz içine alýar.

Maksatnama 18-nji iýuldan 7-nji sentýabra çenli dowam edýär.

Arzalary tabşyrmak üçin soňky möhlet: 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwary.

Arzalary şu ýere basyp, tabşyryp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlar üçin şu ýere basyň!

Maksatnama isleg bildirilýänler ilki bilen ýokaryda berilen salgydan doly maglumatlary ünsli okamaly, emma şonda-da sorag dörese summie-org@desy.de e-poçta iberip bilerler.

Saýtymyzyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/category/habarlar/bilim/ sahypasynda halkara we ýerli okuw mekdeplerinde bilim almak bilen baglanşykly habarlary okap bilersiňiz.

Rumyniýa: Türkmenistanly talyplar üçin stipendiýa

Rumyniýa: Türkmenistanly talyplar üçin stipendiýa

 

Türkiýe 2023: Diplomy ykrar edilýän abraýly ýokary okuw mekdepleri

Ýene-de okaň

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler