2021-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (DIM) Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde Aşgabatda BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça 2021 (cop26) maslahatyna bagyşlanan tegelek stol duşuşygyny gurady.
Bu çäre, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Angliýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek COP26 maslahatynyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen ilkinji çäreleriň biri boldy. Glazgoda geçiriljek ýokary derejeli maslahatyň öňüsyrasynda, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça ýerli we halkara derejeli hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu tegelek stol duşuşygy, COP26-nyň global ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy meýdança boldy. Bu çäre tehniki goldaw ulgamynda bar bolan halkara tejribesini we başlangyçlaryny şeýle hem Türkmenistan üçin elýeterli ýaşyl / howa maliýeleşdirişiň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Ýyladyşhana gazlarynyň (ÝG) zyňyndylaryny azaltmak we az uglerodly we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek meselesinde halkara hyzmatdaşlygy üçin täze pikirleri we ugurlary döretmek üçin meýdança üpjün etmekden başga-da, hünärmenler derejesinde geçirilen “Tegelek stol” duşuşygy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny we ýurtda alnyp barylýan işleri, şeýle hem gelejek üçin meýilnamalary şöhlelendirýän global howa ylalaşyklary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlylygyny görkezdi.
Daşary işler ministrligi “Tegelek stol” duşuşygyna moderatorlyk etdi, oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Angliýanyň hökümetiniň, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, gözleg institutlarynyň wekilleri, ösüş hyzmatdaşlary we donorlar gatnaşdy.
Tegelek stol duşuşygynda Iňlis tarapyna Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada, Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada COP26 boýunça sebitleýin ilçisi, COP26 bölüminden hanym Janet Rogan wekilçilik etdi. Hanym Rogan Angliýanyň hökümetiniň howanyň üýtgemegine garşy alyp barýan tagallalary we Angliýanyň COP26 babatynda ileri tutýan ugurlary barada gürrüň berdi. Ol şeýle hem, has giňeldilen Milli derejede kesgitlenen goşantlaryň (NDC) nämäni aňladýandygyny, hem-de COP26-ň öňüsyrasynda Milli derejede kesgitlenen goşantlarynda (NDC) ambisiýalary güýçlendirmegiň we artdyrmagyň ähmiýeti barada düşündirdi.
COP26 boýunça sebitleýin ilçisiniň çykyşyndan soň, çäre aşakdaky çykyş edijileriň çykyşlary bilen dowam etdi:
– Beýik Britaniýanyň Energetika we howanyň üýtgemegi boýunça öňki ministri we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky premýer-ministriniň öňki söwda wekili;
– Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Halkara daşky gurşaw hyzmatdaşlygy we taslamalary boýunça bölüminiň müdiri;
– BMGÖM taslamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC) boýunça Türkmenistanyň dördünji milli habaryny taýýarlamak boýunça toparyň ýolbaşçysy;
– AÖB we ÝTÖB ýaly köpmilletli ösüş banklarynyň ýurt ýolbaşçylary;
– Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça Halkara agentliginiň (IRENA) we Halkara energiýa agentliginiň (IEA) bölümleriniň ýolbaşçylary;
– Oksford uniwersitetiniň we Türkmen döwlet energetika institutynyň meşhur mugallymlary;
– “Shell International Ltd.” kompaniýasynyň howanyň üýtgemegi boýunça baş geňeşçisi we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) hünärmenleri; Hyzmatdaşlyk we daşary ýurt ösüş institutynyň (ODI) wekilleri.
Täsirli ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde, işiň esasy ugurlary boýunça ileri tutulýan meseleleriň gabat gelýändigini göz öňünde tutup, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işjeňleşdirmek boýunça türkmen kärdeşleriniň we halkara hyzmatdaşlarynyň we donorlaryň bilelikdäki ileri tutýan ugurlary kesgitlenildi. Mowzugyň ähmiýetini we howanyň üýtgemeginiň dünýäniň köp adamlaryna we ýurtlaryna ýaramaz täsir edýändigini göz öňünde tutup, hünärmenler birek-birekden öwrenmegiň we bu möhüm ugurda öndürijilikli gepleşikleriň we hünär tejribe alyşmagyň möhümdigi bilen ylalaşdylar.
Tegelek stoluň ahyrynda hünärmenler çäräniň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdiler we hemmeler üçin has ýagty we ýaşyl geljegiň bolmagyny arzuw etdiler.