JEMGYÝET

Howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri üçin serişde goýberiler

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda belent ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda ýörite Haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, eýýäm giň möçberli, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Golaýda Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň etrap hem-de şäher hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýörite ulaglaryň açarlaryny bu sebitlere iş sapary wagtynda döwlet Baştutanymyzyň hut özi gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda Çözgüt kabul etdi.

 

Emeli aňyň filosofiýasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri