SPORT

Şu gezekki Olimpiýa oýunlarynda näme üçin «Wel Barker» baýragy gowşurylmady?

Olimpiýa oýunlaryndaky ýaryşlaryň çäginde iň owadan urgy ulanan boksça «Wel Barker» baýragynyň berilýändiginden, megerem, habaryňyz bardyr.

Ýöne şu gezekki Oýunlaryň iň gowy boksçusy anyklanylmady. Näme üçin?

Mälim bolşy ýaly, bu baýrak AIBA ― Halkara boks assosiasiýasy tarapyndan döredildi. Şu gezekki Oýunlarda bolsa ýaryşy AIBA däl-de, degişli kompaniýa gurady.

Şonuň üçin hem Tokio ― 2020-de «Wel Barker» baýragy hiç bir boksça gowşurylmady.

Ýeri gelende aýtsak, 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda bu baýraga özbegistanly boksçy Hasonbaý Dusmatow mynasyp bolupdy.

Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberer

 

 

Related posts

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Russiýa Merkezi Aziýanyň futbol çempionatyna gatnaşmaýar

Ata Watan Eserleri