JEMGYÝET

Howa maglumaty: howalar maýyl bolýar

Türkmenistanyn Oba hojaiyk we daşky gurşawy goramak ministrliginin Gidrometeorologiya baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu maglumat “Türkmenistan” gazetiniň sahypalarynda ýerleşdirildi.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ÿarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günor ta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 met­re ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… -6 gradus sowukdan +4… +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18… +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etrap larynda +7… +12 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durÿan bulutly howa bolup, demirgazyk-gün­batardan günorta-gündogara ugru­ny üýtgedýän, tizligi sekuntda  6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… -6 gradus sowukdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0… +5 gradusdan +16…+21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günba tardan günorta-gündogara ugruny üýt gedÿân, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden12 – 17 metre ýetýän şemal öwser. Ho­wa gijelerine –2… -7 gradus sowukdan +4… +9 gradus aralygynda maýyl, gün­dizlerine +1…+6 gradusdan +16… +21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durÿan bulutly howa bolup, demirgazyk-günba­tardan günorta-gündogara ugruny üýtgedÿân, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13— 18 metre ýetýän şemal öwser. Ho­wa gijelerine –2… -7 gradus sowukdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl, gün­dizlerine 0… +5 gradusdan +14… +19 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar ýagar. Demirgazyk-gün­batardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metr­den 13 — 18 metre ÿetýän şemal öwser. Howa gijelerine -6… -11 gradus sowuk­dan -1… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3… +2 gradusdan +6… +11 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paÿtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk- günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metr­den 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3… -5 gradus sowukdan +4… +6 gradus aralygynda maýyl, gün­dizlerine +2… +4 gradusdan +14… +16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasynyň ministri Türkmenistana sapar bilen geldi

Oraza baýramynyň 30-njy martdaky dynç güni 31-nji marta geçirildi

Eýranyň ministri Arkadag şäherindäki halkara maslahata gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekilini kabul etdi

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabatda saparda boldy