JEMGYÝET

Howa maglumaty: 19-25-nji aprel aralygy

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli maglumat çap edildi.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9… +14 gradusdan +15… +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28… +33 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23… +28 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11… +16 gradusdan +15… +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22… +27 gradusdan +28… +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10… +15 gradusdan +14… +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22… +27 gradusdan +28… +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9… +14 gradusdan +14… +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21… +26 gradusdan +27… +32 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7… +12 gradusdan +12… +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19… +24 gradusdan +24… +29 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 10 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12… +14 gradusdan +16… +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23… +25 gradusdan +30… +32 gradus aralygynda maýyl bolar.

 

Talyp karzy: “Daýhanbank” hödürleýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Prezident Ärdogan Türkmenistana geler

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi