DÜNÝÄ

Horwatiýa ýewro pul birligine geçer

Ýewro toparynyň başlygy we Irlandiýanyň maliýe ministri Paskal Donoho Horwatiýanyň (eger gerekli talaplar doly ýerine ýetirilse) 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýewro pul birligine geçip biljekdigini habar berdi. Ol bu barada Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) agzalarynyň maliýe ministrleriniň Lýuksemburgda geçen Ýewro toparynyň mejlisinde mälim etdi.

Horwatiýanyň ýewro pul birligine geçmekligine geljek hepdede rugsat berilmegine garaşylýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Finlandiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg, Portugaliýa ýaly ülkeler 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýewro pul birligine geçipdiler. 2002-nji ýylda bolsa ilkinji ýewro banknotlary ulanyşa çykypdy. Ilkibaşda 11 ýurduň ýewrony ulanyp başlamagy bilen 2001-nji ýylda Gresiýa, 2007-nji ýylda Sloweniýa, 2008-nji ýylda Günorta Kipr we Malta, 2009-njy ýylda Slowakiýa, 2011-nji ýylda Estoniýa, 2014-nji ýylda Latwiýa, 2015-nji ýylda Litwa hem ýewro pul birligine geçipdiler.

Ýewro dünýäde iň köp ulanylýan pullaryň arasynda dollardan soň ikinji ýerde durýar. Ol ulanylýan ýurtlarynda “Ýewropa pul birligi – ýewro”, “ekü” ýa-da “awro” ýaly atlar bilen hem atlandyrylýar.

 

Taryhda şu gün: 17-nji iýun

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler