JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen ugrady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady. Jidda şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki sammit umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar ugratdylar.

Uçuşyň öňüsyrasynda howa menzilinde Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigi nygtaldy. Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu saparynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Jidda şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, Aýlagdaky arap döwletleriniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi hem-de iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary we uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandygy nygtaldy. Öňümizdäki maslahatyň köptaraply gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, tagallalary birleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topragynda mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden iş sapary döwründe özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Ertir saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar. Onuň gün tertibine sebit derejesinde döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri giriziler.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar. Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegi bilen berkidilendir.

Häzirki döwürde özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň berk binýadyna esaslanan türkmen-saud gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar. Şunda taryhyň dowamynda emele gelen, özleriniň gadymy we parasatly däplerine ygrarlydygyny görkezýän iki doganlyk halky birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle däpleriň biri haj parzyny berjaý etmek bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanda biziň ildeşlerimize köpasyrlyk ruhy däplere eýerip, yslamyň mukaddesliklerine baryp görmek üçin ähli şertler döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde — 29-30-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynda bolandygyny, şol ýerde Mekgede haj parzyny berjaý edendigini we gurbanlyk sadakasyny berendigini bellemek gerek. Gurbanlyk sadakasynda hajy Arkadagymyzyň pederi Mälikguly aganyň we käbesi Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagy dileg edildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen pursadyndan ilkinji daşary ýurt saparyny hut yslam dünýäsiniň mukaddes topragyna amala aşyrandygy we şol ýerde umra haj dessurlaryny berjaý edendigi bellärliklidir.

Şu ýyl döwletimiziň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, türkmen zyýaratçylarynyň 2,5 müňe golaýy ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Mekge we Medine şäherlerine baryp gördi. Şunda hajy Arkadagymyzyň asylly işlerinidir başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary öz aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň beýleki ýurtlary, hususan-da, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bilen gatnaşyklary ilkibaşdan dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl, degişlilikde, Bahreýn Patyşalygyna, Katar Döwletine amala aşyran resmi we döwlet saparlary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň öňde boljak maslahata gatnaşmagy ýurdumyzyň netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, oňa täze itergi bermek, umumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine bar bolan ykdysady we ynsanperwer kuwwatdan netijeli peýdalanmak meselelerinde işjeň orny eýelemäge ygrarlydygynyň nobatdaky beýanydyr.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy