JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

Şu günki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle halk köpçüligi bar.

Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzdaky tokaý zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine we onuň tebigatynyň biologik köpdürliliginiň goralyp saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty geljekki nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär. Tebigaty goramak bilen baglanyşykly bu işlere halkymyzyň giňden çekilmegi bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Ählihalk bag ekmek çäresi şeýle asylly maksatlary amala aşyrmaga hem-de jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan  döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär.  Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler halkymyzyň abadan durmuşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda ata Watanymyzda arassa ekologiýa gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany biragyzdan kabul etdi

1-nji synp okuwçylaryna 142 müň 698 sany kompýuteri sowgat bermek meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň wekiliýeti Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşar

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde halkara maslahat geçiriler