JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellendi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çäresine bagyşlanyp, köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Köpçülikleýin welosiped ýörişi paýtagtymyzyň günorta bölegindäki Saglyk ýolundan badalga aldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Milli Liderimiz gatnaşyjylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän ajaýyp halkara baýramy – Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini bellän milli Liderimiz eziz Watanymyzyň bu ugurdaky üstünlikleriniň abraýly halkara guramalary tarapyndan ykrar edilýändigini belledi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýandygyny bellän hormatly Prezidentimiz şu ýyl paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň guraljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz çykyşy köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berdi.

Ýol boýunça ýaňlanan aýdym-sazla köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşyjylaryň ruhuny belende galdyrdy. Bu gezekki köpçülikleýin welosiped ýörişine Döwletliler köşgünde terbiýelenýän ýaşlar hem gatnaşdy.

Köpçülikleýin welosiped ýörişine gatnaşyjylar ýurdumyzyň esasy şaýollaryndan geçip, pellehana, ýagny Döwlet münberi ýerleşýän Diýarymyzyň baş meýdançasyna geldiler.

 

Ilkinji orun: Türkmenistan baradaky saýtlaryň arasynda

 

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi