Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän taryhy döwründe naýbaşy gymmatlyklary özünde jemleýän baý taryhymyz hem-de milli medeniýetimiz giňden wagyz edilýär.
Ata-babalarymyz dünýäniň dürli ýerlerine ýaýrap, uly-uly döwletleri, hanlyklary, beglikleri, atabeglikleri döredip, Aziýanyň, Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň dürli ýerlerinde döwlet gurluşynda, medeniýetde, ylymda uly işler bitirip, adamzat taryhynda öçmejek yz galdyrypdyrlar. Halkymyzyň gadymy geçmişiniň anyk delilnamalar esasynda açylyp başlanmagy milli buýsanjymyzy artdyrdy, taryhymyza bolan garaýşymyzy has -da belende göterdi.
Orta asyrlarda, has takygy X-XVI asyrlarda türkmenler tarapyndan döredilen Garahanly, Beýik oguz türkmen, Gaznaly, Seljukly, Köneürgenç (Horezmşalar), Osmanly, Memluk, Akgoýunly, Garagoýunly, Sefewi türkmenleriniň döwletleriniň, Hindistandaky türkmen soltanlyklarynyň, beglikleriň, atabeglikleriň has gülläp ösen wagtydyr. Şol döwrüň beýik soltanlary, şalary, hökümdarlary döwlet gurluşynda örän wajyp tejribe toplapdyrlar. Gündogarda “Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr” diýen nakylyň dörändigi tötänden däldir.
Gadymy Horezm döwleti hakynda käbir maglumatlar Eýrandaky dag gaýalaryndaky ýazgylarda, Zaratuştra dininiň esasy kitaby bolan Awestada, pählewi edebiýatynda, grek-latyn, we Hytaý ýazuw çeşmelerinde duş gelýär. Horezmiň baýlygyna Gazna şäheriniň soltany Mahmudyň gözi gidip we güýç toplap, 1017-nji ýylda Ürgenji basyp alypdyr.
Şeýlelikde, Mamunlaryň dinastiýasy Horezmde uzak wagtlap hökümdarlyk etmeýär. 1017-nji ýylda Horezmi Mahmyt Gaznaly basyp alýar. Şeýdip Ürgenç ilki Gaznewilere, soň bolsa olary taryh meýdanyndan gysyp çykaran Seljuklylara tabynlykda bolupdyr.
Mongollar çozmazdan sähel öň arap alymy Ýakut Ürgenje gelip görüpdir. «Men ony 1219-njy ýylda tatarlar (ýagny mongollar) almazdan öň görüpdim. Mundan baý we gowy şäheri öň görenim ýadyma düşenok. Ony tatarlar ýykandan soň bu sözlerimiň ýalan ýaly ýaňlanmagy mümkin, sebäbi meniň soň soňlar eşidişime görä, şäherden nam nyşan galmandyr. Şäherde ýaşan adamlaryň barysy öldürilipdir… Baýlykda, ulylykda, ilatyň köplüginde we mylakatlylygynda Horezmiň baş şäheri ýaly şäher älemde ýokmuka diýýärin» diýip, Ýakut ýazýar.
Özüniň örän zähmetsöýerligi bilen tanalýan Ürgenç ilaty mongollaryň eden weýrançylygyny ýüz ýyl geçip-geçmänkä düzeldipdir. Altyn Ordanyň tabynlygyna düşende bolsa, häkim Kutlug Temiriň we onuň aýaly Törebeg hanymyň döwründe şäherde birnäçe kaşaň ymaratlar peýda bolýar.
Horezm döwleti halkara söwdasynyň iň uly merkezleriniň birine öwrülipdir. Gündogar Ýewropanyň, Orta Aziýanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň söwda bähbitleri bu döwlet bilen ysnyşykly gatnaşyk etmek bilen bagly bolupdyr. Uly baýlyklaryň toplanmagyna getiren giň söwda ülkäniň şäherleriniň ulalmagyna, obalaryň giňelmegine, senetçiligiň we sungatyň ösmegine, feodal ahlagyň pugtalanmagyna getiripdir. Ürgenjiň bazarlary Gündogar Ýewropa bilen Gündogar Aziýada öndürülen harytlardan doldurylypdyr.
Çingiz hanyň çozmagyndan öň we şondan soň ýaňadan täzeden döreýiş ýyllarynda Köneürgençde Biruny, Abu Aly ibn Sina, az-Zamahşary ýaly eýýäm şo zamanlarda ylmyň iňňän köp ugurlary boýunça dünýä tanalan meşhur şahsyýetleriň-de ýaşandyklaryny aýtmak gerek. Köneürgenç Mamun ibn Muhammediň döwründe Horezm şalygynyň paýtagty diýlip yglan edilýär. Onuň we onuň ogullary Aly ibn Mamunyň we Mamun ibn Mamunyň (Mamun II) döwürlerinde bu ýerde ylym, edebiýat, sopuçylyk hakyky ösüş ýoluna düşýär. Muhammet ibn Tekeşiň (1200-1220), Gutluk Timuryň we onuň aýaly Törebeg hanymyň (XII asyr), Soltan Alynyň (XIV) hökümdarlyk eden ýyllarynda hem şunuň ýaly ösüşleriň bolandygy taryhy çeşmelerde nygtalyp bellenilýär.
Horezmşa döwletinde Türkan hatynyň orny uly bolupdyr. Bu Tekeşiň aýaly gypjaklardan (başga bir maglumata görä ýazyrlardan} bolan Türkan Hatyndyr. Atamälik Juweýni ony türkmenleriň kaňly taýpasyndan bolandygyny ýazýar. Jüzjany bolsa gypjaklardan bolandygyny we gypjak begi Akran hanyň gyzydygyny aýdýar. Muhammet Nesewi onuň türkmenleriň baýat taýpasynyň ýemek urugyndandygyny we Jaňkişi hanyň gyzydygyny kitabynda ýazypdyr.
Şeýle hem Nesewi onuň “Jahan hudabendi” (“Jahanyň eýesi’1} diýen lakamy göterendigini hem belläp geçýär. Sözi ýere gaçman ýerine ýetirilýän Türkan Hatyn ogly Alaeddin Muhammede hem aýdanyny etdirip bilipdir.
Onuň 7 sany kätibiniň bolandygyny, möhüriniň üstünde “Diniň we dünýäniň goragçysy”, “Türkmenleriň we ähli zenanlaryň Melikesi” diýen ýazgylaryň bolandygyny taryhy çeşmeler habar berýär. Ýaşy gartaşanam bolsa syrdamlygy we owadanlygy bilen haýrana goýupdyr. Türkan Hatyn iňňän buýsançly we akylly aýal bolupdyr. 0l gelip gowşan arz-şikaýatlary irginsizlik bilen okap, tanyşyp. ikitaraplaýyn seretmäge, derňemäge we ezileniň arkasyny alyp, günäkäre jeza bermäge ýaltanmandyr. Şol sanda ol diýseň gazaply bolupdyr we jeza berende kelle kesdirmegi hiç zatça bilmändir.
Türkmenler bilen mongol basybalyjylarynyň arasynda bolan Otrar söweşinde mongollaryň eline ýesir düşýär we Mongoliýa äkidilýär. 01 1233-nji ýylda Mongoliýanyň Garagurum şäherinde aradan çykýar.
Türkmenler “Aýalyň tagtam bagtam ojagyň başynda” diýen pikire gulluk edipdirler. Köneürgenç soltanlygynda Soltan Muhammet döwründe dul ejesi Turkan hatyna şol berk kada kanuny ỳykmak başardypdyr…”
Tekeş ökde diplomat bolupdyr. Soltanyň şahsy kätibi Muhammet Bagdadynyň «At-tawassul ila-t-tarrasul» («Işjeň hat alyş-çalşygy barada gözlegler») işi türkmen diplomatiýasynyň taryhy boýunça gymmatly çeşmedir. Soltan Tekeş Abbasy halyfynyň Yrak seljuklarynyň mirasyna doly eýe çykmak baradaky talabyna garşy çykypdyr. Alp Garanyň baştutanlygyndaky gypjak taýpalaryny öz gullugyna çekmegi başarypdyr. Gypjaklar bilen ýaranlygyny berkitmek üçin gypjak hany Jankişiniň gyzy Türkan hatyna öýlenipdir (ol baýat taýpasyndandyr – J.G.). Türkan hatyn ýany bilen Horezme uran, garlyk, ugrak, halaç ýaly türki taýpalary göçürip getiripdir. Guruň soltany Gyýaseddin al-Gury bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga çalşypdyr. Birek-birege ýazan hatlarynda olar «dogan» («byradar») diýip ýüzlenipdirler.
Şöhratly taryhymyzdan hem bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň geçmişinde belent ykbally zenanlar örän köpdür. Olaryň içinde tutuş halky agzyna garadyp bilen hanlar-da, alymlar-da, zehinli şahyrlardyr sazandalar-da bolupdyr. Türkmen zenanlarynyň özlerini watansöýüji, ar-namysly, edep-ekramly, salyhatly, gaýratly, süňňi sagdyn, eli çeper, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny aýap saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadandyklary dogrusyndaky maglumatlar taryhyň sahypalarynda aýratyn orun alypdyr.
Taryhda zenanlaryň tutýan orny baradaky pikirler geçmişde baky yz goýan zenan şahsyýetler — Tumar şa, Zarina, Banu Çiçek, Burla hatyn, Agaýunus peri, Harmandäli, Gülaýym, Türkan hatyn, Altynjan hatyn, Mähri hatyn, Gülbeden begim, Jahan hatyn, Güljemal han, Sülgün han… ýaly edermenligiň taýsyz nusgalaryny ýatlamak bolar.
Miwe Çaryýewa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Tükmen döwlet mugallymçylyk institutynyñ
Taryh hünäriniñ 4 yyl talyby.