BIZNES

Hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, altynjy mejlisiň gün tertibine laýyklykda, söwda-ykdysady, energetika, dokma senagaty pudaklarynda, ulag ulgamynda, oba hojalyk, azyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, durmuş, zähmet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, derman senagaty, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň gerimini giňeltmek barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de mejlisiň Teswirnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Wengriýanyň Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň özara dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda resminama gol çekdi.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler