SIZDEN GELENLER

Hojalygy seljermegiň ähmiýeti

Tebigatyň we jemgyýetçilik durmuşynyň hadysalaryny öwrenmek seljermäniň üsti bilen amala aşyrylýar. Seljerme geçirmek bütewi zadyň böleklerini öwrenmek üçin, hadysany, ony emele getirýän böleklere bölmekden, dagatmakdan ybaratdyr. Şonuň ýaly böleklere bölmek öwrenilýän ykdysady hadysanyň içki ýagdaýyny synlamaga, onuň içerki mazmunyna düşünmäge hem-de onuň her bir böleginiň tutýan ornuny anyklamaga mümkinçilik berýär.

Çig mallaryň kärhanalara getirilmegi, olary işläp bejerip önümleriň öndürilmegi, öndürilen önümleriň ýerleşdirilmegi, olary öndürmäge we ýerleşdirmage harajatlaryň sarp edilmegi, kärhanalaryň düşewüntli işlemegi we şuňa meňzeş hadysalara ykdysady hadysalar diýilýär. Şu hadysalaryň many-mazmunyna düşünmek üçin, meselem, girdejiniň alynmagyna has doly düşünmek üçin onuň haýsy böleklere bölünýändigini, olaryň her biriniň haýsy sebäplere görä üýtgeýändigini bilmek zerurdyr.

Öwrenilýän ykdysady hadysany şu mysalda girdejini näçe köp böleklere we sebäplere bölüp öwrendigiňçe, bu ykdysady hadysany has jikme-jik, has doly, has çuňňur öwrenip bolýar hem-de girdejiniň emele gelişini, onuň ýüze çykyşyny has netijeli dolandyryp bolýar.

Hajymyrat Çaryýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

 Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

“Liwerpul” rekord transferi amala aÅŸyrdy

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz