DÜNÝÄ

Hindistanyň obasynda Harrisiň ýeňiş gazanmagy üçin dileg edildi

Hindistanyň günortasyndaky Tamilnad ştatynyň Tulasendrapuram obasynyň ýaşaýjylary ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harrisiň prezident saýlawlarynda üstünlik gazanmagy üçin dileg ederler. Bu barada Hindistanyň “NDTV” teleýaýlymy habar berýär. Bu obada Kamala Harrisiň ejesi tarapyndan ata-babalary ýaşapdyr.

“Sişenbe güni irden ybadathanada ýörite ybadat çäresi geçiriler” – diýip, Manikandan obasynyň ýaşaýjysy belläp geçdi. Onuň bellemegine görä, Harris ýeňiş gazanan halatynda baýramçylyk bellener.

Ybadathanada Harrisiň we onuň atasynyň ady üçin ýörite daşa oýulyp nagyş edilipdir. Ýerli ýaşaýjylar onuň ABŞ-nyň ilkinji zenan prezident boljakdygyna ynanýarlar.

Tulasendrapuram obasy Waşingtondan 13 müň kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu oba 4 ýyl mundan ozal, 2020-nji ýyldaky saýlawlarda Demokratik partiýasynyň ýeňiş gazanmagy üçin gurnan ybadat çäräsi bilen tanaldy. Soňra Harrisiň ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesine kasam kabul edilen gününi baýramçylyk hökmünde belledi.

Kamala Harrisiň ata-babalary Tamilnadda ýaşapdyrlar hem-de gurply maşgala bolupdyrlar. Onuň ejesi Şýama Gopalan Çenaý şäherinde Pi wi Gopalanyň maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň hem kakasy gurply bolandygy üçin Şýamany ABŞ-a okuwa ugradypdyr. Şol ýerde hem ol Ýamaýkadan ABŞ-a göçüp gelen Donald Harris bilen durmuş gurýar. Bu jübütden Kamala Harris dünýä inýär. Şonuň üçin Günorta Hindistan ABŞ-nyň wise-prezidentini özüniňki haspalaýar we onuň hormatyna dürli ybadat çärelerini gurnaýar.

Hukuk bölümini tapawutly tamamlan Kamala Harris köp ýyllaryň dowamynda San-Fransiskoda prokuror bolup işledi. 2010-njy ýylda Kaliforniýa ştatynyň ilkinji zenan baş prokurory bolupdy.

Şu gün 5-nji noýabrda ABŞ-da 60-njy gezek Prezident saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlarda döwlet baştutany wezipesi üçin Respublikan partiýasyndan Donald Tramp, Demokratik partiýasyndan Kamala Harris bäsleşýär. Tramp 2017-2021-nji ýyllarda ABŞ-nyň 45-nji prezidenti bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar