MEDENIÝET

Hindistanly ýazyjy Halkara Buker baýragyny gazandy

Hindistanyň ýazyjysy Gitanjali Şri Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Hindi zenany “Gum mazary” atly eseri bilen abraýly baýragyň eýesi boldy. Bu barada London şäherinde geçirilen dabarada emin agzalarynyň başlygy, irlandiýaly terjimeçi Frenk Uaýn mälim etdi.

Kitapda adamsy ýogalandan soňra kyn günleri başdan geçiren 80 ýaşly zenanyň durmuşy suratlandyrylýar.

Bu eser hindi dilinden terjime edilen hem-de abraýly baýraga mynasyp bolan ilkinji kitapdyr. Kitaby iňlis diline amerikaly suratkeş, ýazyjy we terjimeçi Deýzi Rokwell terjime etdi.

Baýragy gazanmak ugrundaky bäsleşigiň gysga sanawyna 6 dürli dildäki – ispan, koreý, norweg, polýak, hindi we ýapon dillerindäki eserler goşuldy. Bu eserleriň ählisi zenan ýazyjylar tarapyndan ýazylypdyr.

AWTOR BARADA…

Baýraga mynasyp bolan zenan ýazyjy Gitanjali Şri 1957-nji ýylda Hindistanyň demirgazygyndaky Maýnpuri şäherinde dünýä indi. Ol 3 sany romanyň we birnäçe hekaýalar ýygyndysynyň awtorydyr. Gitanbjali Şriniň eserleri iňlis, fransuz, nemes, serb we koreý dillerine terjime edildi. “Gum mazary” kitaby onuň Angliýada çap edilen ilkinji kitabydyr.

BAÝRAK BARADA…

1969-njy ýylda esaslandyrylan Buker baýragyndan başga-da 2004-nji ýylda döredilen Halkara Buker baýragy 2016-njy ýyla çenli 2 ýylda bir gezek gowşuryldy. Şondna soňra her ýyl gowşurylyp gelinýär.

Bu baýragyň eýesi islendik ýazyjy bolup biler. Ýöne onuň eseri iňlis diline terjime edilip, Birleşen Patyşalykda we Irlandiýada çap edilen bolmalydyr. Baýragyň pul sylagy 50 müň funt-sterling (62.5 müň dollar) bolup, ol hem ýeňiji-ýazyjy we terjimeçiniň arasynda paýlanýar.

Baýragyň gysga sanawyna goşulan ýazyjylar we terjimeçiler hem 1 müň funt-sterling (1.25 müň dollar) baýrak alýar.

Geçen ýyl bu baýraga fransiýaly ýazyjy Dawid Diop mynasyp bolupdy.

 

27-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary