MEDENIÝET

Hindistanda “ýylyň toýuna” taýýarlyk…

Aziýanyň iň baýy, şol sanda dünýäniň baýlarynyň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýän hindistanly Mukeş Ambani oglunyň toýuna taýýarlyk görýär. Aziýanyň baýy oglunyň toýunyň öňüsyrasynda dabara gurnady. Oňa 1200 myhman çagyrylyp, olaryň hatarynda Bill Geýts, Mark Zukernerg, Donald Trampyň gyzy Iwanka Tramp, dünýä belli aýdymçy Rihanna hem bar. Şeýle hem dabara Hindistanyň kino dünýäsiniň meşhur sungat ussatlary Şahruk Han, Amir Han, Salman Han ýaly köp sanly aktýordyr aktrisalar hem çagyryldy.

Hindi baýy Mukeş Ambaniniň iň kiçi ogly 28 ýaşyndaky Anant Ambani iýul aýynda öýlenýär. Anant Ambaniniň ýanýoldaşy Hindistanyň iri farmasewtika kompaniýasy bolan “Encore Healthcare” şereketini dolandyrýan maşgalanyň 29 ýaşyndaky gyzy Radhika Merçant bolar.

Barbadosly aýdymçy Rihannanyň bu dabarad çykyş edendigi üçin oňa 7 million dollar hak tölenendigi hem bellenilýär.

Dabara Hindistanyň Jamnagar howa menzilinde geçirilip, oňa dünýäniň dört künjeginden myhmanlar gelendigi üçin wagtlaýynça howa menziline halkara derejesi berildi.

  

Howa menziliniň wekilleriniň bellemegine görä, bu dabara üçin 130 uçaryň howa menziline gelip gonandygy bellenilýär. Bu myhmanlar üçin dünýäniň dürli sebitlerinden çagyrylyp getirilen aşpezler 500-den gowrak tagam taýýarladylar.

“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, 66 ýaşyndaky Mukeş Ambani 116 milliard dollar möçberindäki baýlygy bilen dünýäniň baýlarynyň sanawynda 10-njy orunda durýar. Onuň esaslandyran “Reliance Industries” kompaniýays bazar bahasy boýunça Hindistanyň iň uly kompaniýasydyr.

Ambani maşgalasyndan miras galan nebit, tebigy gaz we nebithimiýa önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýasyny bölek satuw hem-de telekommunikasiýa ugurlaryndaky maýa goýumlary bilen gerimini has-da giňeltdi.

Mälim bolşy ýaly, Ambani 2018-nji ýylda gyzy üçin Hindistanyň iň gymmat toýuny gurnapdy. Munuň üçin 100 million dollar sarp edilip, çagyrylan myhmanlaryň hatarynda meşhur aýdymçy Beýonse hem bardy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi