DÜNÝÄ

Hindistan-Ýakyn Gündogar-Ýewropa ykdysady geçelgesi dörediler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherinde “G20” guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 18-nji sammiti geçirildi. Şol sammitde köp sanly hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, Hindistany Ýakyn Gündogar we Ýewropa bilen birleşdirýän köpugurly demirýoly we deňiz ugry boýunça “Hindistan-Ýakyn Gündogar-Ýewropa” ykdysady geçelgesi boýunça degişli ähtnama gol çekildi.

Sammitde Hindistan, ABŞ, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Hindistan-Ýakyn Gündogar-Ýewropa ykdysady geçelgesini döretmek üçin özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Bu resminama söwdanyň möçberlerini artdyrmaga, energiýa çeşmelerini üpjün etmäge we sanly birikmäni gowulandyrmaga kömek eder.

Ähtnama gol çeken ýurtlar geçelgäniň döredilmegi üçin “hereket meýilnamasyny” 2 aýyň içinde taýýarlamak babatda ylalaşdylar.

Teklip edilýän ykdysady geçelge Hindistandan Birleşen Arap Emirliklerine çenli uzalyp, soňra Saud Arabystanyndan, Iordaniýadan we Ysraýyldan geçip, Ýewropa birikdiriler. Şeýle hem, taslama Hindistandan ýüklenen harytlaryň Ysraýyl we Gresiýa portlary arkaly Ýewropa has çalt iberilmegini göz öňünde tutýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada interwýu berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy