BIZNES

Hindistan suwuklandyrylan gaz importynda Fransiýadan geçdi

Hindistan dünýäde iň çalt depginde suwuklandyrylan gazy sarp ediji ýurtlaryň biridir. 2024-nji ýylda ýangyjyň bu görnüşiniň importyny 26 göterim artdyryp, 27.869 million tonna ýetirdi. Bu barada ýurduň Söwda we senagat ministrligi habar berýär.

Bu görkezijiler bilen Hindistan 2024-nji ýylda Ýewropanyň iň köp suwuklandyrylan gaz import ediji ýurdy bolan Fransiýadan hem öňe saýlandy. Fransiýanyň görkezijisi 20 million tonna deňdir.

Çalt depginde ösýän hindi bazary Aziýanyň ägirtleri bilen bäsleşýär. Bu ugurda birinjiligi Günorta Koreýa eýeleýär, 2024-nji ýylda 47 million tonna suwuklandyrylan gaz import etdi.

Häzirki wagtda Hindistanyň ýyllyk 47,7 million tonna kuwwatlygynda 7 sany suwuklandyrylan gaz kabul ediji terminaly bar.

Hindistana suwuklandyrylan gaz ýerleýän ýurtlar – Katar (paýy 41 %) 11.38 million tonna, ABŞ (paýy 19 %) 5.42 million tonna, BAE (paýy 11 %) 3.164 million tonna we Angola (paýy 8 %) 2.103 million tonna deňdir.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär