MEDENIÝET

Hindi aktýorynyň Ginnes rekordy

Hindistanyň meşhur aktýory Akşaý Kumar öz muşdaklary bilen selfi arkaly surata düşmekde rekord goýdy. Ol öz muşdaklary bilen 3 minutda 184 surat düşüp, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.

Bolliwudyň ýyldyzy Hindistanyň Mumbaý şäherindäki Mehbub Studios diwarlygynda muşdakalry bilen surata düşmek işini alyp bardy. Kumar ýe onuň muşdaklary bu surata düşmek çäresine öňünden taýýarlyk gördüler.

Şeýlelikde, hindi aktýorynyň muşdaklary iki hatara düzüldiler. Kumar bolsa, olaryň arasynda öz ornuny aldy. Ol özüne amatly ýer edinip, iki tarapa öwrülip durup, her bir adam bilen çalt depginde surata düşmek mümkinçiligine eýe boldy.

Aktýor 3 minutda 209 gezek surata düşdi. Ýöne eminler olaryň käbirini hiliniň pesdigi üçin hasaba almady. Ýöne muňa garamazdan, 3 minutda 184 gezek surata düşen Akşaý Kumar Uill Smitiň rekordyny täzeledi. Uill Smit 3 minutda 168 gezek muşdaklary bilen sefi suratyna düşüpdi.

Ýene-de okaň

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi