Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi.
Halkara olimpiada ýurdumyzyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinden himiýa dersinden ýokary dereje görkezen 260-a golaý talyp gatnaşýar. Olar şahsy bäsleşik görnüşinde A we B derejede öz aralarynda bäsleşerler.
Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinden, Moskwa fiziki-tehniki institutyndan, Kazan (Wolga) Federal uniwersitetinden, Nowosibirsk milli gözleg döwlet uniwersitetinden, Ufa döwlet nebit tehnologiýa uniwersitetinden, Ufa ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň adam we tebigat institutyndan, Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetinden, B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetinden, Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinden, Sinzýan uniwersitetinden, Hytaýyň nebit uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Halkara Astana uniwersitetinden, L.N.Gumilýew adyndaky Milli Ýewraziýa uniwersitetinden, Eýran Yslam Respublikasynyň Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetinden, Bojnordaky Kosar uniwersitetinden, Bojnordaky Azad Yslam uniwersitetinden, Azerbaýjan Respublikasynyň Baku inženerçilik uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Halkara Aziýa uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Buhara döwlet tehniki uniwersitetinden, Karşi döwlet uniwersitetinden, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetinden, Täjigistan Respublikasynyň Täjik milli uniwersitetinden, Rumyniýanyň Ploieşti nebit we gaz uniwersitetinden hem-de Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinden talyplar, magistrantlar, olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar we wekiller gatnaşýarlar.
Himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiada we onuň çäginde geçirilýän «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda bilim-ylym ulgamynda, şeýle hem himiki tehnologiýalaryň ösüşiniň üstünliklerine bagyşlanan, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine aýlanyp gördüler, uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar toparynyň berkarar Watanymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen ýaşlaryny wasp edýän aýdym-sazlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Sinszýan uniwersitetiniň, B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň, Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň, Halkara Astana uniwersitetiniň, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, Ploieşti nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, magistrantlary, talyplary çykyş etdiler.
Olimpiada halkara ülňülere laýyklykda, şahsy bäsleşik görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlary eminlik edip, daşary ýurtly alymlar synçy hökmünde gatnaşýarlar.
