Amatly tanyşlygy nädip dostluga öwürmeli?! Başlan işimize daş-töweregimizdäkileriň ynanmagyny, bizi goldamagyny nädip gazanmaly?! Nädip käbir adamlar-a duşuşyklarda, maslahatlarda gabatlaşanlary bilen tanyşlyk açýarlar, uzak wagtlap işleşýärler, başgalar bolsa biderek aç oturyp gaýdýarlar. Siziň durmuşyňyza täsir edip biljek adamlara nirede gabatlaşyp bolar?!
Çaga wagtymdan bäri kitaplardan, dostlarymdan, mugallymlarymdan we enem-atamdan durmuş tejribesini, peýdaly maslahatlary aljak bolup çyr-çytyrdym. Gürrüňleşmäge, tanyşmaga islegim diýseň güýçlüdi. Ýöne biznesde gowy halypanyň ornuny başgalar tutup bilenok eken. Her bir dereje basgançagyna galanymda iň abraýly, işi şowly adamlary idäp, kömek, maslahat sorap barardym.
Gowy halypanyň ýitirmesiz gymmatlykdygyna aklawjy Jorj Law bilen tanyşanymda akyl ýetirdim. Ol öz dellaly (broker) Uolt Seýling bilen meni ganatlarynyň saýasyna aldylar. Olaryň iş hakdaky gyzykly gürrüňlerinden durmuş taplamasyny we professional paýhas gorlaryny tapýardym. Tejribeli halypalaryň maslahat däneleri bolsa hasylly topraga düşýärdi. Şondan soň nämedir bir zat öwredip biljek ýa-da meni goldajak adamlary gözläp ugradym. Elinde dolandyryş hukugy bolan öňdebaryjy işewürler, syýasatçylar we beýleki adamlar bilen ýakyndan gatnaşyp başlanymda olaryň adamlar bilen nähili gürleşýänine, özlerini alyp baryşlaryna, maksada ýetmek üçin nähili hereket edýändiklerine syn etdim.
Tüýs ýürekden söhbetdeşlik – munuň adamlary bagtyýar etmegiň ýoluny gözlemekdigine düşündim. Esasy zat hem – özüňe berilýän ünsden beter özüň has köp üns bermek. Mähribanlyk hem alçaklyk pelsepesiniň örän sada ýörelgelere daýanýanlygyna düşündim.
Soň bu ýörelgeler birwagtlar elýetmezdir öýden maksatlarymdan mäkäm ýapyşyp, eýe bolmagyma kömek etdi. Hawa, hawa, hut şol ýörelgeler biziň maşgalamyz ýaly maşgaladan çykan adamlaryň hatda arzuw etmedik mümkinçiliklerini meniň öňümde açdy-da goýdy. Olar şowsuzlyga uçran halatymda kömege ýetişdiler.
Şeýle kömek has-da biznes mekdebini tamamlap, «Deloitte & Touche Consulting» kompaniýasynda işe duranymda zerur boldy. Şol wagtlar men emelsizje maslahatçydym. Petige çenli münder-münder maglumat kagyzlaryndan doly penjiresiz otagda aljyrap, derläp oturyşymy göz öňüne getirip görüň! Gara dere batyp işläpdim-ä. Elde, aňda barymy etsemem, tabşyrylan ýumşuň hötdesinden gelip bilmän, çolaşan kerebimiň özümi heläk edip barýandygyny aňdym. Indi ýa-ha öz islegim bilen işden gitmeli, ýa-da bularyň özi kowar diýip pikir edip başlapdym. Herne bagtyma, tanyş-bilişlerim dadyma ýetdi. Bulam-bujar sanlardan, hasaplardan kelläm hum ýaly çişip, netijesiz pikirlerden dynç almak üçin öň bile iýip-içen professorlarym, tanyş ýolbaşçylarym bilen habarlaşdym. Garaz, «Deloitte» kompaniýasy bilen bagly, ujypsyzja bolsa-da, kömek edip biler diýen tanyşlaryma ýüz tutdum.
Dynç günlerinde Garwardda okan ýyllarymyzda sapak beren mugallym Lena Şlezingaryň (häzirki söhbetdeşlik guraýyş usulym üçin oňa minnetdardyryn) öwredişi ýaly, dürli temalar boýunça kiçeňräk maslahatlary gurardym.
Şol söhbetdeşlikleri işleýän kompaniýam barada köpçülikde gowy pikir oýarmak niýeti bilen guraýardym. Kompaniýanyň içinde bolsa, onuň prezidenti Pat Lokonto çenli birnäçe halypalar bilen dostlaşyp ýetişdim. Emma näçe yhlas etsemem, işlän taslamam ugrukmady. Garaşylan netijäni görkezip bilmän, örän pes baha aldym. Şeýle bolsa-da, dostlaşyp ýetişen ýolbaşçylarym işden boş wagtlarym näme bilen meşgullanýanymy bilensoňlar, olarda bir ideýa döräpdir.
Biz maslahatlaşyp, kompaniýada ozal bolmadyk täze wezipäni açdyk.
Kompaniýanyň ýolbaşçylary meni bu wezipä belläp, 150 müň dollar berdiler hem-de öňki edýän işimi dowam etmegi: biznesi ösdürmäge dyrjaşmagymy, habar beriş serişdeleri bilen, işewür dünýä bilen gatnaşykda bolup, «Deloitte» kompaniýasynyň bazardaky ornuny güýçlendirmegi tabşyrdylar.
Ýolbaşçylarymy ýüňsakgal etmedim. Bary-ýogy bir ýylyň içinde kompaniýamyz hemmeleriň dilinde aýdym boldy. Entek görülmedik ösüş depgini bilen, maslahat beriş biznesiniň ortatap derejesinden liderlige çykdy. Elbetde, bu diňe meniň zähmetim bilen bolan däldir.
Hawa, men marketing gullugynyň başlygy saýlanylyp, kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň şärikdeşligi teklip eden ilkinji ýaş işgärleri bolupdym. Üstünlikler maňa ganat baglatdy. Işe höwes bilen gelip, zähmetimden lezzet alýardym. Edeniň ugruna bolsa, eýsem, näme diýseňizläň!
Meniň ösüş basgançaklarym beýgelip, arşa çykdy. Ýöne ilkibadalar keseden synlana ähli zat şowly akymyň ugruna bolaýan ýaly görünendir. Men weli ilkinji ýola öz ukyp-başarnygymyň agramyny duýup başladym. «Deloitte» kompaniýasyndan soň köp firmalarda ýolbaşçy wezipelerde işledim. Soňam öz hususy kompaniýamy döretdim. Indi şu günlerde geçmişe nazar aýlap, üstünlikleriň tötänden gelmändigine magat göz ýetirýärin.
«Deloitteden» işden çykyp, «Fortune» Žurnaly tarapyndan düzülýän «iň gowy 500 kompaniýanyň» sanawyna girýän «Starwood Hotels & Resorts» atly myhmanhanalar biznesi boýunça tejribeli kärhananyň marketing bölüminiň iň ýaş ýolbaşçysy boldum. Onuň yzysüre «Knowledge Universe» kompýuter oýunlary kompaniýasynyň prezidenti bolup, az wagtdanam dünýäniň iň meşhur firmalaryna söwda we marketing boýunça maslahat berýän «Ferrazzi Greenlight» atly öz hususy kompaniýamy açdym.
Meniň öňümde şaglap ýatan şaýol bolmandy. Ýöne her gezek indiki etmeli işler barada oýlananymda ýa-da maslahata mätäç bolanymda, dostlaryma ýüz tutdum.
Köp işewürler ýaranjaňlyk hasap edýändikleri üçin, ilkibadalar tanyşlyk açmak ýörelgämi, özara kömek bermek bähbitleri ýygşyrmaga çalyşýardym. Ýaşym ulaldygyça belli kompaniýalaryň prezidentlerinden we syýasatçylardan başlap, kollejleriň talyplaryna we öz işgärlerime çenli dürli kärdäki adamlar bütin ömrüme lezzet alan işimi nähili amala aşyrmalydygy barada gürrüň bermegimi haýyş edip, has köp ýüz tutup başladylar.
«Crain’s» Žurnaly meni 40 ýaşa çenli iň gowy 40 işewürleriň hataryna goşdy, Bütindünýä ykdysady forum bolsa «Ertirki günüň global lideri» derejesine mynasyp gördi.
Senator Hillari Klinton meniň gatnaşyk saklaýan tanyş-bilişlerimden özüniň halaýan pişesi bolan täjirçilik maksatly bolmadyk «Save America’s Treasures» guramasy üçin serişde ýygnamagymy haýyş etdi. Ägirt uly kompaniýalaryň ýolbaşçylary, dostlarym ýurduň ykdysady ulgamyndaky wajyp adamlar bilen agşamlyk naharynyň başynda erkin duşuşygy guramagymy haýyş etdiler. Leksiýa bilen çykyş edýän wagtlarym MBA (master of business administration) kurslaryny okan talyplar olara uniwersitetde okadylmaýan ynsanara gatnaşyklarynyň ýörelgeleri barada tejribämi paýlaşmagymy sorap hat oklaýardylar.
Indi bolsa bu tema iň abraýly biznes mekdepleriniň okuw meýilnamasyna girizilipdir.
(Dowamy bar)
Keýt Ferrassiniň “Hiç haçan ýeke naharlanmaň” eseri “Biznes reklama” gazetinde dowamly çap edildi. Terjime eden Seýitmyrat Geldiýew
Indiki sanymyzda:
Üstünlige ýetmek üçin diňe şaha-şaha aragatnaşyklar ulgamyny döretmek ýeterlik däldir, ýöne siz karýeraňyzy we durmuşyňyzy dostlaryňyzyň, tanyşlaryňyzyň kömegi arkaly gursaňyz, onda jedelsiz şu artykmaçlyklara-da eýe bolarsyňyz:
1.Siziň hiç wagt içiňiz gysmaz. Şeýle durmuş adamlara köp wagt sarp etmegi, köp jogapkärçiligi talap edýändir, ýöne ýürege düşmez…