JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (8-14-fewral)

2021-nji ýylyň 8-14-nji fewraly aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepde maksadaokgunly hamallar maliýe meselelerinde uly üstünlikler gazanarlar. Şeýle hem, maşgala agzalaryňyz bilen aragatnaşykda we jemgyýetçilik durmuşyňyzda ösüşler we gowy pursatlary başdan geçirersiňiz. Esasan hem, hepdäniň ortalarynda özüňize üns beriň. Nerw dartgynlylyk ýagdaýyny geçirip bilersiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepdede sowurlara täze iş teklipleri gelip biler. Kariýeraňyzda, wezipäňizde uly üýtgeşmeler döräp biler. Siz diňe, geljekki meýilleşdirjek işiňize dykgat etmelisiňiz. Tizara siziň durmuşyňyzda uly üýtgeşmeler bolup geçjekdigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Bu hepdede saglyk babatynda özüňize aýratyn üns bermelisiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Bu hepde jöwzalar üçin adaty günler dowam eder. Ýöne mahabat we marketing ulgamynda işleýän jöwzalaryň durmuşynda uly şowlulyklar garaşýar. Söýgüliler güni jöwza ýyldyzy astynda doglanlara täze teklipler gelip, söýgi pursatlara baý bolar. Bu hepdäniň ahyrynda olara garaşylmadyk ajaýyp sowgatlar geler. Sowgatlar näbelli adamlardan hem gelip biler.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepde seretanlaryň öňden bäri çözülmän gelýän miras meseleleri oňyn ýagdaýda çözüler. Bu hepdede seretanlar diňe şeýle meselelere gönükdirmeli bolarlar. Beýleki tarapdan iş gözleýän seretanlara birnäçe iş teklipleri garaşýar. Bu döwür seretanlaryň maşgalasyna täze bäbek gelip, öýüň şatlygyny has-da goşalandyrar.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepde jübüt esetlere has-da şowly bolar. Çünki bu döwürde esetleriň birnäçesi öz söýen ýarlaryna gowşarlar. Söýgüliler güni esetleri üçin goşa baýramçylyga öwrüler. Iş gözleýän esetlere halkara guramalardan täze teklipleriň gelmegine garaşylýar. Biznes bilen meşgullanýan esetlere hem daşary ýurtlardan täze teklipler gelip biler

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepdede sünbüle ýyldyzy astynda doglanlar esasanam saglygyna we gündelik durmuşyna, kärdeşlerine ýa-da akademiki meselelerine üns bermelidiler. Hepdäniň ortasynda nerwi dartgynlyk ýagdaý geçirip bilersiňiz. Daş-töwerekdäkileriň edýän gürrüňlerine, edýän hereketlerine üns bermezlige çalşyň. Höwes edýän zatlaryňyz bilen meşgullanyň.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepde mizanlar üçin täze gatnaşyklary açmaga uly mümkinçilik berer. Olara özüňizi mylakatly görkezmelisiňiz. Uzak wagtdan bäri çözülmesi kyn bolan meseleleriňiz çözülip bilner. Bu hepdäniň ahyrynda mizanlaryň maliýe ýagdaýy ýokarlanar. Şeýle hem bu döwür, baýramçylyk dabaralara, doglan günlere, şatlykly wakalara baý bolar.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Bu hepde akraplara uly mümkinçilikleri berer. Bu döwür akraplar wagtlaryny şadyýan geçirip bilerler. Olar esasan hem maşgalasy bilen köp wagt geçirerler. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklar has-da pugtalanar. Bu dynç alyşdan soňra öňüňizde goýan maksatlaryňyza tizara ýetip bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepdede kowuslar gazanç getirmeýän işleri aradan aýyrmaly. Täzeçillige tarap hereket ediň, ynamly boluň. Bu hepde olar maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin goşmaça iş tapyp ýa-da bar bolan maýalaryny gazançly bir işe goýup bilerler. Mümkinçilikleriňizi netijeli peýdalanyň, özgertmeleri batyrgaý ornaşdyryň.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Jedileriň durmuşynda ýakymly täzelikler bolar, çagalaryňyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin dörän pursatlardan peýdalanyň. Bu hepdede jedileriň maddy-üpjünçilik ýagdaýy ýokarlanyp başlar. Goşmaça iş we ýene-de dürli gazanç çeşmeleri dörär. Bu hepdede jedileriň söwda bilen bagly ähli arzuwlary amala aşar. Olaryň maddy ýagdaýy gowulanar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu hepdede daluwlar özgerişlikleriň, täzelikleriň, şowly pursatlaryň bolmagyny islär. Wakalary gyssamaň, her zadyň öz wagty bardyr. Daş-töweregiňizdäkileriň pikirlerini, gyzyklanmalaryny öwreniň. Netije çykaranyňyzda duýgularyňyza däl-de, hakykata daýanyň. Oýlanyşykly hereket etseňiz ähli zat ugruna bolar. Maddy-üpjünçilik babatda täzelik bolar.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Hutlar amal edýän işlerini üstünlikli jemlemek üçin tijenmeli bolarlar. Sowuk-sala çemeleşýän işleriňizi soň özüňize azar bolmaz ýaly tijäň, bitiriň. Öňde goýan maksatlaryňyzy berjaý etmek üçin yhlasly çemeleşiň. Bu hepdede özüňize juda agram salmaň, gereginden artyk iş almaň, hiç kime hiç zady wada bermäň. Bu hepdede hutlaryň maliýe meselesi aralyk bolar

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys