JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (4-10-ýanwar)

2021-nji ýylyň 4-10-njy ýanwary aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepde hamallar özlerini işewür, hyjuwly, bagtyýar ýagdaýda duýarlar. Haýsydyr bir işi täzeden başlamakdan çekinmeýändigi üçin, ýyldyzlar işlerinde olara täze ösüş-özgerişleri wada berýär. Geljek hepdede ýolbaşçy hamallara üstünlikler garaşýar. Olaryň maddy-üpjünçilik babatda ak ýürekden çemeleşip, ýokary jogapkärçilik bilen ýerine ýetiren işleri öňümizdäki hepdede üstünlige beslener.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu hepde sowurlaryň durmuşynda birnäçe täzelikler bolup geçer. Olaryň şahsy durmuşynda-da uly özgerişliklere garaşylýar. Bu hepdede ýeke ýaşaýan sowurlaryň öz taýlaryna duşmaklary ahmal. Eger-de olaryň gatnaşyklary ozaldan bäri dowam edýän bolsa, onda olara maşgala gurmak hakynda oýlanmagyň wagty geldi. Hususy işleri bar bolan sowurlar üçin bu hepde örän şowludyr.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepdede jöwzalar sowukganly, giň göwünli bolup, öz-özlerine tankydy göz bilen seretmegi başarmalydyrlar. Durmuşda nämedir bir zada ikirjiňlenen ýagdaýyňyzda hormat goýýan adamlaryňyz bilen maslahatlaşyň. Geljek hepde ýyldyzlar jöwzalara töwekgel bolmagy maslahat berýärler. Jöwzalaryň tebigy taýdan duýgurlygy bar. Şeýle ýagdaýda olar duýgularyna daýansalar goşmaça girdeji gazanyp bilerler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu hepde seretanlar üçin ýakymly wakalara baý bolar. Hepdäniň birinji ýarymynda tutanýerlilik bilen zähmet çeken seretanlar üstünlige ýeterler, girdejileri artar. Hepdäniň ikinji ýarymynda, maşgala agzalaryňyz we dost-ýarlaryňyz bilen wagtyňyzy geçirmek siziň saglygyňyza we işiňizdäki geljekki üstünlikleriňize gowy täsirini ýetirer.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu hepdäniň gelmegi bilen esetleriň işjeňligi artyp, öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin jan edip işlärler. Bu döwürde olara sabyrly bolmak, ýüze çykan meselelerde deňagramlylygy saklamak maslahat berilýär. Esetleriň maddy hal-ýagdaýy gös-göni olaryň işjeňligi bilen bagly bolar. Olar nämedir bir zatlary üýtgetseler, şonça-da gazançlaryny artdyryp bilerler.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepde sünbüleler üçin gyzgalaňly geçer. Jaý satyn almak ýada gurmak isleýän sünbüleleriň bu döwletli başlangyçlary rowaç bolar. Bu hepde sünbüleler üçin ähli babatda-da şowly bolar. Täze işiň başyny başlamak isleýän sünbülelere hepdäniň ikinji ýarymy şowly bolar. Siziň paýhas bilen, meýilnama esasynda ýerine ýetiren işleriňiz öz miwesini berer.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu hepde mizanlara ýakymly üýtgeşmeler garaşýar. Bu hepde olar üçin düşewüntli bolar. Hepdäniň dowamynda mizanlaryň käbirlerine gysga möhletli iş saparlary garaşýar. Şeýle hem ýyldyzlar mizanlara özüňizden ýokary wezipeli adamlaryň işine goşulyşmazlygy, özüňiz bilen ugurdaş adamlar bilen bilelikde iş alyp barmagy maslahat berýär.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu hepdede iş-wezipe babatynda akraplaryňky ugruna bolar. Olara möhüm ähmiýetli taslamalar hödür ediler. Bu akraplaryň jogapkärçiligini has-da artdyrar. Olar bu döwürde adamlara ynanmagy başarmalydyrlar. Kähalatlarda çala tanaýan adamlaryňyzyň hem maslahatlaryna, wesýetlerine eýerseňiz ýerlikli bolar. Soňlugy bilen olar size mynasyp hyzmatdaş bolup biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)     

Bu hepdede kowuslaryň işiniň öňkülere garanyňda artyk bolmagy mümkin. Şowly pursatlar ozalky edilen işler bilen bagly bolar. Ýyldyzlar bu belgidäkilere diňe sabyrly bolmagy wada bermän, eýsem, juda seresap bolmasalar, ähli gazananlaryny ýitirmek ähtimallygynyň bardygyny duýdurýarlar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu hepdede käbir jedeller jediler üçin şowly tamamlanar. Şahsy durmuşynda-da, iş babatynda-da jedilere ençeme ýakymly wakalar, pursatlar garaşýar. Maşgalaly jedileriň durmuşynda bagtyýar pursatlar çagalarynyň ýeten üstünlikleri bilen bagly bolar. Öňden bäri uly bir zady satyn almak isleýän jediler hepdäniň başynda arzuwlaryny amala aşyryp bilerler.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Bu hepdede döwlet edaralarynda işleýän, täjirçilik hem-de döredijilik işi bilen meşgullanýan daluwlaryň hem işleri ileri bolar. Olaryň iş babatynda eden teklipleri öwrenilip, ýokary baha eýe bolar. Iş saparlaryna giden daluwlara täze tanyşlyklar, ynamdar işdeş ýoldaşlaryna duşmak ýaly ýakymly pursatlar garaşýar. Bu hepde daluwlar üçin gyzykly bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar bu hepdede täze taslamalary tamamlap, täze meýilnamalar boýunça işläp başlarlar. Bu hepde ýyldyzlar hutlara sabyrly we paýhasly bolmagy maslahat berýär. Öňde goýan maksadyňyza ýetmek üçin hyjuwly boluň. Hepdäniň birinji ýarymy hutlar üçin düşewüntli bolmagyna garaşylýar. Hutlar üçin hepde maddy-üpjünçilik babatda hem şowly bolar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugruna bolsun!

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri